(gündeligimdäki ýazgylardan)
Kakam bir jümläni kän gaýtalardy. «Oňarsaňyz, adamlara ýagşylyk ediň. Ýagşylyk etmeklik diňe bir beýleki adama kömek etdigiň däl, ol öz-özüňe kömek etdigiň bolar. Sebäbi ýagşylyk ýerde ýatmaýar, ol hökman gaýdyp gelýär. Munuň şeýledigini onuň hözirini, peýdasyny görensoň, duýansoň göz ýetirersiň» diýip, köp gaýtalardy. Welmyrat aga atly goňşymyz bardy. Bir gün kakam bazardan onuň bilen bir goýuny idip geldi. Ony Welmyrat aga satyn alan ekeni. Ýöne ol goýun ilki-ilkiler olarda ýerläbermedi. Maýyny tapsa, gaçmak-tezmek bilen boldy. Bir günüň dowamynda, kakam şol goýuny üç gezek uly ýoldan tutup getirip, Welmyrat agalara gowşurardy. Agşamlyk bu barada aýdanynda men:
— Kaka, senem gaty aladaçyl adam. Ýaltanman, kyn görmän, üç gezegem öýüne eltipsiň. Ol goýuny şol ýerde daňyp, oglanlaryň birinden habar goýberseňem, iş ýeriňe baryp jaň etseňem (ol wagt el telefonlary ýokdy) boljakdy. Biziň goýnumyz şeýdip gaçyp giden bolanynda, Welmyrat aga üç gezek getirip gidermidi? - diýdim. Kakam birbada dyman ýaly etse-de, jogaby nagt boldy:
— Welmyrat aga getirer, ol getirmedik ýagdaýynda-da, başga bir adam getirerdi. Berk ýadyňda bolsun, bir adama ýagşylyk etdim diýip, ondan ýagşylygyňa jogap hantama bolunýan däldir. Oňa eden ýagşylygyň başga tarapdan saňa on esse, ondanam artygrak bolup gelýändir. Ähli zadyň hasaby bardyr. Oňa entek düşünersiň - diýdi.
Kakamyň bu sözleri maňa müdimilik sapak boldy.
Görogly şäheri,
24.04.2010 ý.
***
Bir gezek Daşoguz şäherindäki «Bir el» atly dermanhana bardym. Ol dermanhana biziň etrabymyza gidýän duralganyň golaýynda ýerleşýär. Men ýarawsyz ogluma gerekli dermanlaryň baryny alyp, dermanhanaçy bilen hasaplaşyp, daşary çykdym. Jübimde iki manat pulum galypdyr. Men «awtobusa münüp gidibereýin, howlugyp baramoga» diýip, duralga tarap ýöräp ugranymam şoldy welin, yzym bilen dermanhanadan çykan bir garryja daýza maňa ýüzlenip:
— Oglum, gurgunmyň. Aýyplaşmaweri, derman alyp, barja pulumy sowanymy bilmän galypdyryn. Indem öýüme ýetmäge ýol kireýim galmandyr. Pyýada barmaga ýol uzagrak, üstesine aýaklarym agyrýar. Eger kyn görmeseň, ikije manat berip duraý, şu telefona-da telefon belgiňi ýaz, agşamlyk oglum işden geler, soň telefonyňa geçirer ýaly ederin - diýdi. Men alaçsyz ýagdaýda galdym. Onda-da syr bildirmedim, şol galanja iki manadymy garry daýza berdim-de:
— Daýza, öýüňize sag-aman baryň. Gaýtarjak bolup azara galyp ýörmäň - diýip, telefon belgimi hem ýazyp bermedim. Ol daýza meniň üstümi alkyşdan gömüp, hoşlaşyp gitdi. Men içimden «Hany, indi duralga baraýyn-da, tanyşrak taksi sürýänleriň biriniň maşynyna müneýin. Göni öýe sürdüreýinde, puluny öýden çykaryp bereýin» diýip, ädimimi çaltlandyrdym. Gör-ä bolýan işleri, ýöresem on-on bäş ädim ýörändirin-dä. Babamyrat atly goňşymyz deňime gelip saklandy:
— Goňşy, öýüňizemi, gel, mün maşyna - diýip, ýylgyryp dur. Men baryp salamlaşdym. Ol:
— Şähere bir iş bilen gelipdim, işimi bitirip, öýe gelýän, görsem, sen. «Gel, goňşynam alyp gidibereýin» diýip saklandym. Men maşyna mündüm, ýola düşdük. Men goňşymyza syr bildirmesem hem dermanhanadan çykanymdan soňky bolan zatlar göz öňümden geçdi durdy, gulagyma kakamyň «Berk ýadyňda bolsun, bir adama ýagşylyk etdim diýip, ondan ýagşylygyňa jogap hantama bolunýan däldir. Oňa eden ýagşylygyň başga tarapdan saňa on esse, ondanam artygrak bolup gelýändir. Ähli zadyň hasaby bardyr. Oňa entek düşünersiň» diýen sözleri gelen ýaly boldy. Awtobusa diýip niýetlän pulumy ol daýza berenimden, goňşymyzyň peýda bolmagy bir tarapdan tötänlik ýaly bolup görünse-de, beýleki bir tarapdan bir mätäç adama edilen ýagşylygyň jogaby ýaly duýuldy.
Daşoguz şäheri,
12.05.2013 ý.
***
Işden öýe barsam, gyzym Merjen öňümden ylgap çykdy:
— Kaka, aý kaka, bu gün Myrat daýyň ogly geldi, bir bedre üzüm bilen, bir bedre garaly getirdi. Myrat daýy ugradypdyr - diýdi.
— Berekella, «sagbol» diýdiňizmi?
— Hawa, diýdik, «Çaý içip gidiň hem diýdik». Ýöne ol oturman gitdi. Kaka, ol Myrat daýy biziň garyndaşymyzmy? Her ýyl «paýyňyz» diýip, şular ýaly zatlary ugradýar.
Gyzymyň sowaly meni oýa batyrdy. Dogrusy, Myrat aga garyndaşymyz däl. Ýöne ol dört-bäş ýyldan bäri meniň bilen gowy gatnaşykda. Oňa hem bir waka sebäp boldy. Ýöne ol wakany gyzyma aýtmagyň geregi ýokdy. Ol heniz kiçijekdi.
Bir güni işden çykanymam şoldy welin, Sapargeldi atly bir tanyş ýaş ýigit deňime gelip, maşyny saklady. Men mündüm, Sapargeldiniň salamlaşyşy sowuk-sala, keýpi ýok. Men ondan:
— Näme boldy, keýpiň ýokla?-diýip soradym. Ol:
— Aý, agam, bolmaly zat boldy. Indi hemmesi gutardy. Iki-üç günlükde gelnim bilen gaharlanyşdyk. Menem öteräk geçip, «göteril ataň öýüne, maňa sen ýaly gaýtargy berýän gelin gerek däl» diýdim. Onuň bilenem oňman özüm maşyna mündürip, öýleriniň ýanyna düşürip gaýtdym. Soň puşman etdimem, ýöne giç boldy. Ýaňam baryp alyp gaýtjak bolsam, gaýyn enem «bar, saňa indi gelniňem, ogluňam ýok, ilki gowy oýlanyşmaly ekeniň» diýip, kowup diýen ýaly goýberdi.
Maňa hemme zat düşnükli boldy. Men oňa göni öýe barmalydygymyzy aýtdym. Öýe bardyk, ony öýe alyp girdim. Çaý-nahar edindik. Soň men oňa:
— Gaýgy etme, bir alajy bolar. Men seniň gaýyn eneňi tanaýan, gaýyn ataňy hem gaty gowy tanaýan. Men olara ýagdaýy düşündirerin, gelniňi alyp gaýdarys. Ýöne sen indikide beýle hereketiňi gaýtalama. Bir oguljygyňam bar, basym ikinji gezek ata bolmaly. Saňa gelişjek zatlarmy şu? - diýdim. Ondan jogap bolmady. Ýöne gaty ökünýändigi ýüzünden hem bildirip durdy. Ýer ýarylsa, girmäge taýyn bolup, bir gysyma döndi. Men «Bar gaýdyber, ertir habarlaşarys» - diýdim. Ol hoşlaşyp gitdi.
Ertesi günortan arakesmede men onuň gaýyn atasy Myrat aga bilen duşuşdym. Men oňa düýnki bolan wakany aýtdym. Ýaşulynyň ýüzi gamaşdy. Men indikide beýle hereketiň gaýtalanmajakdygyna ynandyrdym. Myrat aga:
— Inim, men seni gowy tanaýan, sen sözüňde durýan oglan. Ýüregimdäkini aýtsam, gyzym öýe geleli bäri, mende ynjalyk ýok. Göwnüme, hemmeler biziň maşgalamyzyň gepini edýän ýaly. Menem gyzymyň baran ýeri bilen garylyp-gatylyp, agzybir ýaşamagynyň tarapdary. Şu gezek seniň sözüňe bil baglap, hiç zat bolmadyk ýaly unudyp goýberýän. Agşamlyk özüňem bile bar, gümür-ýamyr edip oturarys. Gaýdanyňyzda, bile gaýdyberersiňiz - diýdi. Men razy boldum.
Iş ýerime gelip, Sapargeldä jaň edip, agşamlyk bile gitjekdigimizi aýtdym, ol razylaşdy.
Biz bärden baranymyzda, bizi güler ýüz bilen garşyladylar. Gaýyn atasy, gaýyn enesi tarapyndan Sapargeldä hiç hili gaty-gaýrym söz hem diýilmedi. Çaý-naharyň başynda hem gürrüň başga zatlar hakynda boldy. Gaýtjak wagtymyz hem Myrat aga bilen aýaly gyzyny, agtygyny maşyna mündürip:
— Sag-aman baryň, gelip duruň - diýip, açyk ýüz bilen ugradyp goýberdiler.
Şondan soň, Myrat aganyň gyzy ýeke gezegem gaýyn öýünden, ýanýoldaşyndan ynjap, öýlerine barmandyr. Yzly-yzyna iki sany çagajyklary hem bolupdyr. Üç çagany terbiýelejek bolup, başagaýlyk bilen öýkeleşmek ýatlaryna düşenok. Şondan bäri, Myrat aga meniň ýakyn gatnaşýan adamlarymyň birine öwrüldi. Ýetişdiren bagyndan her ýyl «çagalaryň paýy» diýip, dürli ir-iýmişler, miweler ugradýar. Men oňa «beýtmek gerek däl» diýsem, ol «men seniň sözüňi ýykmandym, zyýanam görmedim. Sen hem meniň sözümi ýykma, zyýan görmersiň. Seniň eden ýagşylygyň ýanynda bu zatlar hiç zatdyr» diýip, gürledenogam. Şu ýerde ýene-de kakamyň «Berk ýadyňda bolsun, bir adama ýagşylyk etdim diýip, ondan ýagşylygyňa jogap hantama bolunýan däldir. Oňa eden ýagşylygyň başga tarapdan saňa on esse, ondanam artygrak bolup gelýändir. Ähli zadyň hasaby bardyr. Oňa entek düşünersiň» diýen sözleri ýadyma düşdi. Meniň öz göwün ölçegimde özümi Myrat aganyň ýanynda bergili ýaly duýsam, Myrat aga özüni meniň ýanymda bergili duýýan ýaly. Aslynda bu ýerde hiç kimiň birek-birege bergisem, algysam ýok. Ýöne maşgala agzybirligi ýaly mukaddesligi ähli zatdan ileri görýän ýaşulynyň ýüregindäki minnetdarlygynyň çägini hiç bir ululyk bilen deňär ýaly däl.
Görogly etraby,
07.14.2017 ý.
Kemal SABYROW,
TMÝG-niň Görogly etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.