Ataly-gyz
Günlerde bir gün gyzy kakasynyň ýanyna gelipdir-de, zeýrenmäge başlapdyr:
— Kaka, men ýadadym. Meniň durmuşym şeýle bir agyr, meniň öňümde şeýle bir çylşyrymly kynçylyklar we meseleler dur. Men hemişe diňe durmuşyň akymynyň tersine ýüzmäge mejbur bolýaryn. Meniň indi çydamaga gaýratym galmady...Men indi näme etmeli?
Gyzyny ünsli diňlän kakasy, jogap bermegiň deregine, gaz plitanyň üstünde üç sany birmeňzeş gazany, oňa hem suw guýup goýupdyr. Olaryň birine käşir, beýlekisine ýumurtga, üçünjisine bolsa kofe atypdyr. Biraz wagtdan soň, ol suwdan käşiri hem-de ýumurtgany çykarypdyr, üçünji gazandan bolsa, kofäni bulgura guýupdyr.
— Näme üýtgedi?-diýip ol gyzyndan sorapdyr.
— Ýumurtga we käşirä bişdi, kofe bolsa suwda eredi - diýip, gyzy jogap beripdir.
— Ýok, gyzym, bu diňe bolup geçýän zatlara ýüzleý garaýyş bolýar. Seret, gaty käşir gaýnag suwda ýumşady. Port we içi suwuk ýumurtga gatady. Daşky görnüşi boýunça olar üýtgemedi, emma, olaryň ikisine-de birmeňzeş amatsyz ýagdaýlaryň — gaýnag suwuň täsir etmeginiň netijesinde, olaryň içi üýtgedi. Edil şonuň ýaly, daşky keşbinden gaýratly bolup görünýän adamlaram durmuşy kynçylyklara döz gelip bilmän, daş keşbinden gowşak hem näzik bolup görünýän adamlaryň gatap, berkeýän ýerlerinde, goram-gowşak hala düşüp, ejizläp bilerler.
— Onda kofe näme?-diýip, gyzy sowal beripdir.
— Bu bolsa hasam gyzykly! Gördüňmi, kofe özüne duşmançylykly gurşaw bolan gaýnag suwda dolulygyna eredi-de, ony datly suwuklyga öwürdi. Edil şonuň ýaly, durmuşda-da şeýle üýtgeşik adamlar bolýar, olar aglaba köp halatlarda, özleriniň duçar bolan hadysalaryny düýpgöter özgerdip, hatda öz başlaryndan inen kynçylyklaram täze bir ajaýyplyga öwürmegiň we her bir ýagdaýdan peýda hem-de tejribe gazanmagyň hötdesinden gelýärler...
Taýýarlan: Nurýagdy GALPAKOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň baş hünärmeni.