Ähli ulgamlar boýunça ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýan agzybir türkmen halky ýene bir şanly waka — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine uludan taýýarlyk görýär. Şöhratly taryhymyzdan, pederlerimiziň ýol-ýörelgelerinden hem görnüşi ýaly, ata-babalarymyz jemgyýetçilik durmuşy bilen baglanyşykly her bir döwletli işe başlanynda il-halky, dogan-garyndaşy, dost-ýary bilen geňeş edipdirler, olar bilen maslahatlaşypdyrlar. Bu günki gün türkmen halkymyz hem üstünden asyrlar aşan bu ajaýyp syýasy we durmuş tejribesini has kämil derejede dowam edip gelýär. Çünki halkymyzda ulyny sylamak, olara sala salmak döwletlilik saýylýar. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen ýörelgä eýerýän Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna degişli her bir işiň başyny ýaşulularymyz, kümüş saçly enelerimiz, mähriban halkymyz bilen maslahatlaşyp başlaýar. Halkymyzyň ykbal ýoluna nazar salanymyzda hem, islendik tutumlarda ýaşululara, il-halka maslahat salnyp, olar bilen geňeşilip, ýerlikli çözgütleri tapmak elmydama oňyn netijelere alnyp barylandygyny görýäris. Şonuň ýaly-da, munuň aňyrsynda halkymyzyň ula-kiçä hormat goýmak, birek-biregiň pikirini diňlemek, oňa mynasyp baha bermegi başarmak pelsepesiniň hem durandygyny görmek bolýar.
Ynha, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda sentýabr aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk maslahaty hem döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolar. Bu waka halkymyzyň köpasyrlyk milli däplerine we ýörelgelerine ygrarlydygyna şaýatlyk etjek wakalaryň birine öwrüler. Çünki biz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi bilen halk bilen häkimiýetiniň işiniň jebisleşýändiginiň, wekilçilik edaralaryň işiniň döwrebap derejä eýe bolýandygynyň, halkymyzyň durmuşynda ykbal özgerdiji wakalaryň bolup geçýändiginiň şaýady bolýarys. Gahryman Arkadagymyzyň öňde geçiriljek döwletli maslahata taýýarlyk görmegiň barşynda deputatlaryň Hökümet bilen ykjam aragatnaşykda, möhüm wakalaryň jümmüşinde bolmalydygyna ünsi çekip, olaryň döwrüň wajyp meselelerine wagtynda seslenip, degişli teklipleri işläp taýýarlamalydyklaryny aýtdy. Munuň özi kämil demokratik ýörelge bolmak bilen, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer şygarlarynyň döwlet syýasatynyň düýp özeninde durýandygyny äşgär edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze taryhynda öz mynasyp ornuny tapjak Halk Maslahatynda kabul edilen Kararlaryň ähmiýeti, many-mazmuny halkymyzyň bagtyýar şu gününiň, ýagty ertiriniň kepili bolup ýaňlanjakdygyna ynanýarys. Biz hem Milli Liderimiziň beren tabşyryklaryndan ugur alyp, halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmekde, döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmekde taryhy ähmiýete eýe boljak bu döwletli maslahata taýýarlyk görmek boýunça welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde maslahatlary geçirýäris. Maslahatlarda ildeşlerimiziň edýän täsirli çykyşlaryndan hem görnüşi ýaly, halkyň agzybirligini berkitmekde, demokratiýany ösdürmekde, raýat jemgyýetiniň edaralarynyň işjeňligini ýokarlandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr. Ýürekleri mukaddes Watana söýgiden, uly ruhubelentlikden, zähmet joşgunyndan doly bagtyýar türkmen ýaşlarynyň güýç-gaýratyna, döredijilik başlangyçlaryna uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Sumbar MAMEDBAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Darganata etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.