Türkmen halkymyz ýaşaýyş-durmuş kadasyny sarpalap, toprakdan bol hasyl alyp, ony mynasyp dowam etdirmegi asylly borç hasaplaýar. Toprak pelsepesiniň örän gadymy dünýägaraýyş bolup durýandygy hakykatdyr. Çünki, «Ýykylsaň ýere ýapyş» diýlişi ýaly, türkmen halky öz topragyna bagry badaşan milletdir. Biz hem şu gün halkymyzyň ekerançylyk, daýhançylyk baradaky däp-dessurlaryny, yrym-ynançlaryny size ýetirmegi makul bildik.
1. Togsan dolup, ýere ýyly gidensoň türkmen halkymyz täze ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak aladasy bilen gurşalýar. Bu döwürde azaphon halkymyz ekerançylyk, daýhançylyk işlerine girişip, ýere tohum sepýär. «Biziň elimiz däl, babadaýhanyň eli» diýip sepilýän tohumyň bitginli bolmagy dileg edilip, sadaka aýdylmagy halkymyzyň bu işlere ynam besleýändigini beýan edýär.
2. Babadaýhan halkymyzyň öz öndüren dänesiniň bereketli bolmagyny niýet edip, çäjiň çür depesinde «Hydyrili kesegi» diýip bereket kesegini goýmak, ähli däne gapgarylyp gutarylandan soň, «Bereket ýagsyn» diýen niýet bilen kesegi atyza oklamak ýa-da azaphon daýhanyň işe werziş bolan oglan-uşagynyň öýüne gelip gyz doganlarydyr ýeňňelerine «Bugdaýymyz çörekläpdir» diýip, bugdaýyň maýsa bolup başlandygyny ilkinji bolup buşlasa, oňa sowgat hökmünde keşdelenen jambörük geýdirmek ýaly däpleri-de bar.
3. Halkymyz ekin işlerinde her bir pursaty ýagşylyga ýorupdyr. Meselem olar ekin ýer taba gelende, syňrykdan gaçan ýa-da öküzüň şahyna degip öňürti ýere düşen tohumyň sepilen tohumdan öňürti hasyllaýandygyna ynam edipdirler.
4.Ekiş güni janly soýmak, ussat, tejribeli daýhanlardan «Ekiniňiz bitgir, guralyňyz ötgür bolsun!» diýip ak pata almak, birek-birege tohumyň müňlemegini arzuw etmek ýaly dessurlar hem daýhanlaryň durmuşynda çuňňur mana eýe bolupdyr.
5. Ata-babalarymyzyň täze harman alanda dograma, ýarma bişirip, harman toý etmek, ýagly petir bişirip paýlamak, petirden owmaç etmegi hem durmuşa ornaşdyrypdyrlar.
6. Togsan dolup, ýere ýyly gitmegi ekerançylar bilen bir hatarda, çarwadarlary hem täze işlere amal etmäge ruhlandyrypdyr. Şeýle ýagdaýlarda goýun-guzularyň guýruklary elek ýaly bolup, düýeleriň böreň-böreň süýtleri her bir çarwa öýüne bereket bolup inipdir. Çarwa hojalyklarda eli haýyrly gelin-gyzlar tarapyndan ýanlyklarda ýaýylyp taýýarlanylýan ak, gara, gyzyl gurt, sargan, sykman, peýnir, mesge öýüň berekedine bereket goşupdyr.
Hakykatdan hem, milli mirasymyzy baýlaşdyrmakda, ekerançylyk we daýhançylyk bilen baglanyşykly nakyllardyr, atalar sözi, yrymlardyr-ynançlar nesilden nesle geçip, biziň günlerimize ýetipdir. Ýetilýän sepgitleriň, gazanylýan üstünlikleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň döredip beren mümkinçilikleriniň miwesi!
«Yhlasa-myrat» diýlişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda zähmet çekýän her bir kärendeçä, babadaýhanlarymyza, ýer eýelerimize yhlaslarynyň myrat tapmagyny arzuwlaýarys. Goý, şeýle işleriň gözbaşynda durup, mähriban halkyna sahawat saýasyny salýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.
Täçnabat ARRYKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Murgap etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.