Sen gidensoň
Boşap galdy bu dünýäm.
Ýeller aýralygyň mukamyn çaldy.
“Gitme” diýip, ýalynyplar ses edip,
Baglaram gol bulap yzyňda galdy.
Sen gidensoň...Sen gidensoň, göwnüme bolmasa, durmuşym duraýjak ömrümdäki bar zatlar manysyny ýitiräýjek ýalydy. Ir säherde dogýan nurly Güneş gaýdyp maňa mähir nuruny paýlamajak, aýly gijelerde ýyldyzlar ýörejek ýoluma ýagty saçmajak ýalydy, ýüzümdäki ýylgyryş, şatlyk meň bilen hemişelik hoşlaşaýjak ýalydy, emma ähli zatlar meň pikir edişimçe däl eken. Hemme bolmaly zatlar öz bolmaly wagty bilen, öz bolmaly ýerinde boldy. Daňlar atyp, günler batdy, aý aýlandy, ýyllar ötdi. Dogry, birbada durmuşym duran ýaly, aklym doňan ýaly boldy. Arzuwlar asmanynda ganatyny ýaýyp gaýyp ýören arzuwlar guşumyň ganatlary gyryldy. Seň iň soňky gezek aýdan sözleriň meniň durmuşymy bütinleý üýtgetdi otyryberdi. “Meni unut, sebäbini sorama, başarsaň, bagyşla, biz birek-birek üçin ýaradylmandyrys” diýdiň-de, hiç zat bolmadyk ýaly, yzyňa-da seretmän, ýuwaş-ýuwaş gözümden gaýyp bolduň. Men bolsa, dilim baglanan ýaly, näme diýjegimem bilmän, doňup galdym. Men şu wagta çenli sensiz ýaşamak barada pikir etmekdenem gorkýardym.
Sen gidensoň
Wagt durdy ýöremän.
Indi gaýdyp duşjagymyz näguman.
Ne-hä öňe ätdim, ne-de bir yza,
A sen bolsa, ýöräp barýaň säginmän.
Ähli zatdan ýadadym, hatda ýaşamagam meniň üçin iň agyr jeza ýalydy. Tümlük dünýämiň girdabyndan meni öňümde goýan maksatlarym halas etdi. Senli günleri ýatlamazlyga endik etdim. Barybir ol günleriň kalbymda goýan möhri meni heniz-henizlerem öz erkime goýanok. Iň erbet zadam, sen maňa näçe ýakynda ýaşasaňam, saňa duşup bilmeýänligim, meni otdan alyp, suwa salardy. Ýöne saňa duşup, köne dertlerimi gozgamagyň indi haýrynyň ýokdugyny bilip, “seni näçe çalt unutsam, şonça-da arkaýyn ýaşaryn” diýip, öz-özüme teselli bererdim. Ýöne ýürege emir edip bolýarmy näme, şol bir lokgaja et tutuş bedenimi, hatda aklymam boýun egdirip bilýärdi. Şonuň üçin hem sen bilen bagly düşnüksiz soraglar halys meniň iç etimi iýip barýardy. Ýadadym pikirlenmekden, onda-da üznüksiz şol bir ynsanyň pikrini edip, öz-özüme jogapsyz soraglary berip ýadadym...
...Ine, şu günem zol-zol uzaklara, birem sagadyma seredip, kimdir birine garaşýan ýaly, alyslary nazarlaýanyma özümem haýran, ýogsam geljek diýenem ýok. Janyma jaý tapman, bir ýerde durup bilmänligime bahar gülleri günäkär ýaly, sebäbi sen bahary halaýardyň. Häzir baharda ýaşaran maýsajyklary, açylan läleleri synlap, arassa howadan dem alýansyň. Belki, meni ýatlaýansyň, belki-de...
Içim içime sygman, gygyryp, aýdym aýdyberesim gelýär. Ýadyňdamy, her sapar bahar gelende, bileje hiňlenýän aýdymymyz bardy. Näme üçindir bar zady unudyp, hiç zat bolmadyk ýaly, seň bilen degşip, gürleşesim gelýär. Bagtdan ýaňa, hol uzakdan howalanyp görünýän ýaşyl baýyrlyklaryň üstüne çykyp, gygyrasym gelýär. Leýlisaçlaryň başyňy sypap geçýän mylaýym şemala maýyl bolup, seredip durşuma, ýene geçen ýyllaryň ýaltamalar ummanyna oklananymy özümem duýman galaýypdyryn, eýsem hakyky yşk şeýle bolmalymy?! Eşidýäňmi, baglarda guşlar jürküldeşip, öz dillerinde täsin owaz edýär. Olary bir gezek ünslüje diňle, olar gysgajyk wagtlyk bagtyň gadryny guş bolsalaram bilýär. Uzak ýurtdan gaýdyp gelen durnalaram öwrüm edip, ýene ata Watanyna dolanypdyr, özlerem diýseň şadyýan hem bagtly, muny olaryň seslerindenem aňsa bolýar. Durnalar dolandy, a sen dolanmazmyň?!... Göwnüme bolmasa, sen bir ýerlerden çykyp, “Men geldim, indi bizi hiç zat aýra salyp bilmez” diýäýjek ýaly bolup dursuň-da. Diýen sözleriňi ýatla: “Güýzde giden durnalar baharda hökman yzyna dolanar” diýip, güýzde uçup barýan durnalara gynanyp seretsem, öwran-öwran gaýtalardyň, sen durna bolup uçup gitdiň-de, baharda yzyňa dolmagy unudaýdyň-a!
Mamam pahyr ähli zadyň dermany wagt diýerdi. Çyndanam, wagt geçdigi saýyn, sensiz ýaşamaklyga endik etdim, tükeniksiz jogapsyz soraglarymy kalbymyň törüne gizledim-de, başgalar ýaly, durmuşyň sesine sesimi goşup, deň-duşlarym bilen degşip-gülşüp ýaşadym.
Sen gidensoň
Ýyllar geçdi aradan
Indi ýylgyrýanam käteler gülüp.
“Barym, bagtym” diýen elýetmez söýgim,
Ýatlama öwrüldiň geçmişde galyp....
Gunça ORAZOWA,
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň
1-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.