ARKADAG ŞÄHERI — BUÝSANJYMYZDYR

Gözelligi gözellikden zyýada,

Arkadag şäheri — buýsanjymyzdyr.

Gowşanyn gör, maksatlaryň myrada,

Arkadag şäheri — buýsanjymyzdyr!

 

Bil baglaýyp, biz bagtyýar ýaşlara,

Kalba ylham, buýsanç doldy başlara,

Ganat berdi ýürekdäki joşlara,

Arkadag şäheri — buýsanjymyzdyr!

 

Gurmak hem döretmek işdir sogaply,

Ýurt ösüşde bu gün dünýä kybaply,

Ýaşlarmyz bar şu Watana jogaply,

Arkadag şäheri — buýsanjymyzdyr!

 

«Akylly öýleri» görýäris munda,

Täsin desgalary gurýarys munda,

Ertiri parlakdyr, ýeňişler öňde,

Arkadag şäheri — buýsanjymyzdyr!

 

Toýly-tomaşaly, güneşli Diýar,

Arkadag Serdarly has öňe barýar,

Merdana hem dana Liderimiz bar,

Arkadag şäheri — buýsanjymyzdyr!

 

Mähri SAPARMEDOWA,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyn

69-njy orta mekdebiň mugallymy,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI