Lebap welaýat kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň guramagynda «Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy!» diýen at bilen geçirilen bu maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dürli ýaşdaky okyjylar köpçüligi, welaýatymyzyň ýaş şahyrlary, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda döredijilik işgärleriniň kitabyň mukaddesligi, kitap okamagyň ähmiýeti, halkymyzyň kitaba goýýan hormaty dogrusyndaky täsirli çykyşlary diňlenildi. Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleri Magtymguly Pyragynyň keşbini janlandyryp, şahyrana eserleri ýerine ýetirdiler. Şonuň ýaly-da, akyldaryň watançylygy, adamkärçiligiň beýik sypatlaryny, ahlak gözelligini wasp edýän şygyrlary okaldy. Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusynyň okalmagy maslahata gatnaşyjylaryň nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekiliniň köpugurly döredijilik älemine hormatyny has hem artdyrdy.
Günüň ikinji ýarymynda maslahatyň işi kitaphananyň bölümlerinde dowam etdi. Bölümlerde okyjylaryň kitaphanada elektron kitaplary okamagy üçin döredilýän mümkinçilikler, şeýle-de kitaphana yzygiderli gelip gowuşýan neşir önümleri barada gürrüň edildi. Çäräniň dowamynda ýaşlaryň kitaba söýgüsini artdyrmak maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän dürli dillerdäki kitaplarynyň, Magtymguly Pyragy baradaky eserleriň, şahyryň şygyrlar ýygyndylarynyň, ýurdumyzda tanalýan şahyrlarymyzyň çeper eserleriniň giňişleýin kitap sergisi guraldy. Çärä gatnaşyjylar gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsini giňden öwrenmäge, dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Merjen KADYROWA,
«Türkmen gündogary» gazetiniň
uly habarçysy,
TMÝG-niň işjeň agzasy.