TERBIÝE WE MAŞGALA

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda her jemgyýetiň ahlak ýörelgesi raýatlaryň edep-ekramlylygy, watansöýüjiligi, maşgalanyň halallygy, il-gününiň öňündäki borjy bilen kesgitlenýär. Terbiýäniň düýp binýady hemişe ilkinji nobatda maşgalada goýulýar. Maşgalada goýulýan ilkinji «kerpiç» çaganyň terbiýesinde ägirt uly rol oýnaýar. Türkmeniň aňyrdan gelýän ýaşaýyş-durmuş kadalary haýsy maşgalada göwneja  berjaý edilse, şol öýde hemmetaraplaýyn sagdyn, halal, päkize nesil ýetişýär. Edep-terbiýäniň ilkinji düzgünleri maşgalada öwredilýär. Çaga asylly terbiýe bermekde esasy şertleriň biride maşgaladaky agzybirlikdir. Maşgalada agzybirlik höküm sürýän bolsa, özara ylalaşyk bar bolsa, birek-birege sarpa, hormat goýulsa, kiçiler söýülse, çaga edep-terbiýeli bolup ýetişýär. Her bir ata-ene perzendine mähir duýgusyny siňdirip kemala getirýär. Edep-terbiýe — her bir halkyň asyrlaryň dowamynda toplap kämilleşdiren, nesillerden nesillere geçirip gelýän ahlak kadalarynyň, gylyk häsiýet düzgünleriniň jemidir. Ynsanyň islendik meselede akyl paýhasly hereket etmeginiň wajypdygy, kämillige tarap her kimiň özüniň ymtylmalydygy, edep terbiýäniň her bir ynsan üçin derwaýysdygy ündelýär. Adamda ýaramaz endikleriň bolmagy köplenç, çagalykda alan ýalňyş terbiýesiniň netijesi bolup durýar.

     Hut şonuň üçin, ýurdumyzda her bir maşgalanyň asuda, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin, olarda kemala gelýän nesilleriň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýet bolup ýetişmekleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ähli mümkinçilikler döredilip berilýär.

 

Rejepgeldi ATAJANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdüri.

Indiki makala

ÝATLA

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI