TÜRKMENIŇ ÇELPEGI

     Çelpek — eli çeper, her işe ussat zenanlarymyzyň zehini siňen özboluşly milli tagamlarymyzyň biri. Göräýmäge üỳtgeşik zat däl ýaly bolsa-da, ýaýmasy usullylygy, ýapmasy çalasynlygy talap edýän, ökdäni, gömelteýi saýlaýan iş. Çelpeklik hamyr hamyrmaýasyz bolmaly. Çök düşüp, mazaly ýugrumyny ýetirmeli bolansoň, hamyr bilekli gelinlere tabşyrylýar. Ýugrumynyň kemi galman, mazaly ýylmanan hamyryň daşyna ýag çalyp, birsalym basyryp goýýarlar. Demini alan hamyrly tabagyň başynda ýaşy durugşan zenanlaryň ikisi oturyp, çelpek ýuka bolar ýaly, kiçiräk ikbaş ýaly ululykda bölüp ugraýarlar, oňa «köke» diýilýär. Ýaýylan çelpekler ýelmeşmez ýaly, arasyna urba sepip, üsti-üstüne goýýarlar, oňa-da «arka» diýilýär. Arkalar agralyp, galňap ugransoň, çelpek ýapylyp başlanỳar. Çelpek ýapylanda, ýerden gazylan ojak amatly bolýar.

     Toý eýesi hormat edip, gazanyň başyna eltileridir golaý garyndaşlaryndan 3-4 sanysyny oturdýar. Olaryň biri çelpekleri ýelpäp, urbalaryny aýryşdyryp, ýapýana taýýarlap berýär, oňa «çelpegi ýelpemek» diýilýär. Beýlekiler taýýar bolany epim edỳärler. Toý çelpegi jübütden, iki-ikiden eplenýär.

     Bagtyýar zamanamyzyň bolçulygynda bu gün halkyň neneňsi gurplanandygyny göreýin diýseň, türkmeniň tutỳan toýlaryna baraýmaly. Bolçulygyň nyşany bolan täzeden-täze toý däplerini görüp, begenýärsiň, guwanýarsyň.

 

Taýýarlan: Mähriban SEÝLIÝEWA,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag

şäher merkezi kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

11 Awgust 2025 | 109 okalan

YKLYMLARY BIRLEŞDIREN MASLAHAT

11 Awgust 2025 | 34 okalan

SANLY BILIM MÜMKINÇILIKLERI

10 Awgust 2025 | 39 okalan

TÜRKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTY