TERBIÝE — ÝAŞLARYŇ ÝARAŞYGY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimize bildirilýän beýik ynamyň nyşany bolan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda täzeden-täze başlangyçlaryň binýady goýulýar, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, olaryň innowasion tehnologiýalardan kämil baş çykarmagy döwrebap hünärleri ele almagy üçin ähli  amatly şertler döredilýär. Ata-babalarymyz döwletliligi, rysgal-bereketliligi, ýagşy niýetliligi, pespälliligi, ynsanperwerligi ömrüň manysy hasap edipdirler. Şu ýörelgelere eýerip öz nesillerini adamzadyň bagtly ýaşaýşy üçin iň gerekli bolan watansöýüjilik, asyllylyk, medeniýetlilik, edep-ekramlylyk, ynsanperwerlik, birek-birege goldaw etmek ýaly häsiýetler bilen terbiýeläpdir. Bu ýörelgeler häzirki zaman terbiýesine hem mahsus bolup, şunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän eserleri nusgalyk mekdep bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, islendik terbiýeçilik işiniň gönezliginde watançylyk, millilik hakyndaky gymmatly düşünjeler bar. Şahsyýetiň aňynda milli ruhuň gymmatlyklary, ýörelgeleri kemala gelip goýazylaşan halatynda onuň öz halkynyň hakyky perzendi bolup ýetişjekdigi gümansyzdyr. Ata Watanymyzyň, göbek ganyň daman topragyňa ata-babalarymyzyň ene-mamalarymyzyň nesillere galdyryp giden maddy we ruhy gymmatlyklaryna medeni mirasymyza bolan söýgi guwanç, buýsanç hem mähir duýgulary öz-özünden döremeýär. Bu mukaddes söýgüniň guwanç hem buýsanç duýgularynyň köki-damary maşgala terbiýesinden hem görüm-göreldesinden, milli ýörelgelerden gözbaş alýar. Ýaşlar hakyndaky aladalary döwlet syýasaty derejesine çykaran Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garap, olara uly ynam bildirýär. Bu beýik ynamy ödemek üçin ýaşlaryň öňküden-de yhlasly okap, işläp, öňde goýlan maksatlary üstünlikli durmuşa geçirip, ýurdumyzyň ösüş-özgerişleriniň öň hatarynda bolmagy, diňe öňe tarap hereket etmegi zerurdyr. Olaryň ata Watanymyza mynasyp, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, arassa ahlakly nesiller bolup, ýurdumyzyň ösüşlerine goşantlaryny goşjakdyklaryna berk ynanýarys. Goý, türkmen halkynyň eşretli bolelin durmuşda ýaşamagy ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, milli ruhumyza kybap edep-terbiýeli bolmagy ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Begli MÄMMEDOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Kaka etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI