BILIMLER GÜNI TARYHY WAKALARA BESLENDI

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek, ylmy işlere höwesjeň ýaşlary ýüze çykarmak üçin ähli şertler döredilýär. Döwlet Baştutanymyzyň täze gurulýan bilim edaralarynyň ählisinde interaktiw tagtalaryň, multimediýa enjamlarynyň bolmagyny hökmany şertleriň biri hökmünde kesgitlemegi uzak geljegi nazarlaýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda gurulýan dürli maksatly desgalarda sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Döwrebap desgalarda işlejek hünärmenleriň sanly tehnologiýalar bilen iş salyşmak başarnyklaryny gazanmak şu günki günüň esasy wezipeleriniň biridir.

     Ýokary okuw mekdepleriň, şol sanda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplarynyň önümçilik tejribeligi mahalynda dürli desgalarda ornaşdyrylan döwrebap we sanly tehnologiýalara esaslanýan enjamlar bilen tanyş bolmaklary, olarda işlemekleri ylym bilen önümçiligiň arabaglanyşygyny pugtalandyrýar, ýokary okuw mekdebinde berlen bilimleriň tejribede berkidilmegine ýardam berýär, talyplarda ösen gözýetimi we zähmet endiklerini kemala getirýär.

     Ýurdumyzda ýaş nesil barada edilýän aladalar öz miwesini berýär. Soňky ýyllarda halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň sany artýar. Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 1-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi. Oňa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän ýaş hünärmenler, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, mugallymlary we talyp ýaşlary, mekdep okuwçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

     Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň barşynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, türkmen halkynyň şöhratly taryhy, milli gymmatlyklary, özboluşly däp-dessurlary we ýaşlaryň öňünde duran wezipeler barada söhbet etdi.

     Biz ýaşlara işlemäge, döretmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Şaberdi GYLYÇTAGANOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar

we informatika institutynyň mugallymy

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI