BAGTYÝAR ÝAŞLAR – RÖWŞEN GELJEGIŇ BINÝADY

     Häzirki wagtda ýaşlary watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, olaryň ylym-bilime höwesini artdyrmak ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Ýurdumyzda ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýaş nesilleriň bagtly geljegi üçin uly alada edilýär. Ýaşlar syýasatynyň ata-babalaryň asylly ýörelgeleri hem-de häzirki zaman jemgyýetçilik talaplaryna laýyklykda mynasyp durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň ähli babatda uly ornunyň bolmagyda aýratyn many-mazmuna eýedir.

     Ata Watanymyzyň bagtyýar geljegini üpjün etjek ýaşlary goldamak Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň esasy ýörelgeleriniň biridir. Watanymyzyň hyzmatyna berlen wepaly ýaşlary birleşdirýän guramamyzyň esasy maksady, döwletiň durnukly we ýokary depginli ösüşlerine mynasyp goşant goşmakdan ybaratdyr. Ýaňy ýakynda hem guramamyza hoş habar gelip gowuşdy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edildi. Bu hoş habar diňe bir ýaşlarda däl, eýsem ýurdumyzyň ähli raýatlarynda uly şatlyk we buýsanç duýgusyny döretdi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy diýlip ykrar edilmegi Türkmenistanyň halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek işindäki hyzmatlarynyň nobatdaky subutnamasydyr.

     Biz ýaşlar hakyndaky yzygiderli aladalary üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs yürekden sagbolsun aýdýarys.

 

Güljemal BAÝLYÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI