AWTOULAGLAR BARADA GYZYKLY MAGLUMATLAR

     Ilkinji elektrik bilen işleýän awtoulag 1884-nji ýylda Tomas Parker tarapyndan oýlanyp tapylýar.

 

     Dünýäniň iň kiçi awtoulagy «Peek Engineering» kompaniýasy tarapyndan öndürilen Peel P50 atly ulag hasaplanylýar.

 

     Ilkinji tekerler 1845-nji ýylda heniz ulaglar oýlanyp tapylmanka atly arabalar üçin agaç tigirleriň daşyna geýdirilen deri daşlyklardan ybarat bolupdyr.

 

     Dünýäde iň uly ýol yşygy Londonda ýerleşýär. Onuň daşky görnüşiniň agaja meňzeýänligi sebäpli ol «swetofor agajy» ady bilen tanymaldyr. Bu ýol yşygy kadalaşdyryjy hökmünde ulanylman, eýsem «üç oduň» ýol heläkçiliginiň öňüni alanlygynyň şanyna ýeňşiň nyşany we ýadygärlik hökmünde oturdylandyr.

 

     Dünýäde ýeke-täk ýaşyl çyrasy ýokarda, gyzyl çyrasy aşakda ýerleşen ýol yşygy Nýu-Ýorkuň Tippereri Hill kwartalynda bolup, ol 1925-nji ýyldan bäri işläp gelýär.

 

     Berlinde adaty 3 reňkli çyranyň deregine 13 reňkli çyraly ýol yşyklary hem bar. Ýaş we täze sürüjilere ilkibada ol çyralary özleşdirmek aňsat düşmeýär. Ýolda mesele ýüze çykan ýagdaýynda polisiýa işgärleri olary gönükdirip, maslahat berýär.

 

     Ýol hereketleriniň kadalaryny işläp düzen Uilýam Felps Inonyň özi hiç haçan awtoulag sürmändir.

 

     1974-nji ýyldan bäri dünýäniň iň köp satylan awtoulag markasy Toýota Corolla hasaplanylýar.

 

     Dünýäde iň köp ulagly şäher Lýuksemburgdyr. Bu şäherde her 1000 adama 570 awtoulag paýy düşýär.

 

     1903-nji ýylda amerikaly zenany Meri Anderson ulaglaryň aýna süpürijisini oýlap tapypdyr. Ol ýagyn ýaganda tramwaý sürüjisiniň kösenýändigini görüp aýna süpürijisini oýlap tapypdyr.

 

     Radio ilkinji gezek 1922-nji ýylda awtoulagyň Chevrolet markasynda ulanylýar.

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan:

Güljemal BAÝLYÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI