«Akgoýun» toýy bilen bagly milli däbimiziň asyrlardan gaýdýandygyna beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň «Düşen günlerim» atly şygryndaky:
Kyrkymda goýalyp, käsäm dolmuşam,
Ellimde elime tesbyh almyşam,
Altmyşymda pire mürit bolmuşam,
Pygamber ýaşyna ýeten günlerim —
diýen dürdäne setirleri-de şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda halk tarapyndan geçirilýän bu toý — «Pygamber ýaş» toýy, «Akgoýun» toýy diýlip atlandyrylýar. Bu toýuň geçirilmeginiň asyl manysy ynsan 63 ýaşa ýetensoň, ýaşululyga ýetişip, il arasynda sylanýan, hormatlanýan adam hasap edilýänligidir. Bu ýaşa ýetenler toý tutanlarynda, esasan, «akgoýun» diýlip at alşyna görä, ak goýun soýlupdyr. Toýda dürli tagamlar bişirilipdir. Bu toýda dograma, palaw, çekdirme, ýarma ýaly tagamlary bişirmek, esasan, Ahal welaỳatyna mahsus bolsa, Balkan sebitlerinde palaw, çekdirme bişirilip, deňiz balyklaryndan peýdalanylyp, süzme palaw, düşeme palaw ýaly dürli görnüşli tagamlar taýýarlanylýar. Şeýle hem Ahalda çelpek, Balkanda gatlama, pişme, Daşoguzda we Lebapda bogursak bişirilýär. «Akgoýun» toýunda Ahal welaýatynda tirmeçi, ýanama bagşylary halk aýdymlaryny ýerine ýetirse, Daşoguz welaýatynda dessançy bagşylary diňlemek däp bolupdyr. Balkan sebitlerinde «Küştdepdi» aýdymly tans oýnalypdyr. Ýörite gazalçylar bir depim, üç depim görnüşli gazallary uly şowhun bilen ýerine ýetirip, märekäniň ünsüni özüne çekipdirler. Akgoýun toýunda toý üçin öýler bezelýär. Urba ýaýylyp, dürli köýmetler (pişme, possuk, çelpek, gatlama) bişirilýär. Häzirki döwürde dürli süýjülikler taýýarlanylýar. Bu toý tutan zenan maşgala bolsa, oňa şeýle gazal çekilýär:
Käbäm altmyş üç ýaşynda,
Otursyn ojak başynda,
Hak Alladan dilegim:
«Hemme otursyn daşynda!»
Eger bu toý erkek kişä degişli bolsa, onda:
Kyblam altmyş üç ýaşady,
Gorawergin, ýa Alla!
diýen ýaly ýagşy dilegler bilen gutlaýarlar.
«Akgoýun» toýy bellenilýän zenanyň başyna ak gyňaç atylyp, eger ol erkek kişi bolsa, onda don, ak telpek geýdirilip, olara dürli sowgatlar gowşurylýar.
Her bir türkmen ojagynda öz käbe-kyblasynyň «Akgoýun» toýuny belläp bermek perzent üçin borçdur, parzdyr. Her bir perzent öz ene-atasyny razy edip, mynasyp ogul-gyz bolup ýetişmelidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz milli däplerimize uly hormat goýýar. Dana Arkadagymyz hem «Akgoýun» ýaşyna ýeten raýatlary bir aýlyk iş haky, şeýle hem hormatly dynç alyşdaky raýatlary bir aỳ haklary bilen gutlamagy karar etdi. Bu bolsa «Meniň ähli aladam halkym bolar» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň halk bilen bir jan, bir tendiginiň güwäsidir. Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda, eziz halkymyzyň berk hem mäkäm jebisliginde, ajaýyp milli däp-dessurlarymyzyň mizemezligi, ebediligi dünýäde gün kimin şuglaly, aý kimin aýdyň görünýär.
Goý, döwletli ojaklarymyzda toýlarymyz kän bolsun!
Taýýarlan: Mähriban SEÝLIÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag
şäher merkezi kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy,
TMÝG-niň işjeň agzasy.