1903-nji ýylda ABŞ-da dünýä awiasiýasynyň taryhynda ajaýyp waka bolýar. Demirgazyk Karolinanyň Kitti-Hok kenarynda doganlar Raýtlaryň aeroplanynda ilkinji uçuş amala aşyrylýar. Şol wagtlar başga bir ussat inžener, dünýäde ilkinji we kämil uçarlary öndürýän 22 ýaşly Wilýam Boing Ýel uniwersitetinde bilim alýardy. Emma telekeçilik bilen meşgullanmaga bolan höwes ýaşajyk zehinli inženeri uniwersiteti terk etmäge mejbur etdi. 1909-njy ýylda Sietlde Alýaska-Ýukon-Ýuwaş umman söwda sergisinde ilkinji gezek görkezilen uçýan maşyn bolan kiçeňräk dirižably gören Wilýam Boing öz ykbalynyň awiasiýa bilen baglanyşykly boljakdygyny duýdy. 1910-njy ýylyň 13-nji martynda Çarlz Gamiltonyň şowsuz tamamlanan uçuşy Boingi ruhdan düşürmän, öz meýilnamasy boýunça döretjek uçaryny has-da kämilleşdirip, taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Şunlukda, ol 1915-nji ýylda iki adamlyk uçarda uçuşy amala aşyrmagy başarýar. Bu üstünlik onuň Los-Anželese uçarmanlyk mekdebini okamaga gitmegine sebäp bolýar. Okuwy tamamlap, zehinli uçarman tölegli howa uçuşlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berýän “Pacific Aero Club” merkezini döredýär. 1916-njy ýylyň 15-nji iýulynda Wilýam Boing ilkinji gezek öz uçarynda asmana galýar. Bir aýdan soňra, ol ABŞ-nyň harby-deňiz floty üçin gidroplanlary gurnaýan, soňabaka “Boeing Airplane” diýlip atlandyrylan “Pacific Aero Products Co” atly korporasiýany döredýär. 1929-njy ýylda bolsa, 12 ýolagçy üçin niýetlenen täze 80As modelli uçar asmana galýar. Bu uçuşda ilkinji gezek uçarbeletleriň hyzmaty ýola goýulýar. “Boeing Airplane & Transport Corporation” ady bilen tanalyp başlanan kompaniýa uçarlary we olaryň şaýlaryny öndürýär, awiaulag hyzmatlaryny ýerine ýetirýär, uçarmanlary we awiatehnikleri taýýarlaýar. 1958-nji ýylda 707-120 modelli uçar Boeingden ABŞ-nyň Prezidenti üçin satyn alynýar we ol “Air Force One” diýlip atlandyrylýar. Şondan bäri köp döwlet ýolbaşçylarynyň uçarlary “Bort nomer bir” diýlip atlandyrylýar.
1960-njy ýyldan başlap, Boeing kosmos derejesinde işleri ösdürmäge üns berip başlaýar. 1963-nji ýylda NASA, ýagny, ABŞ-nyň kosmos agentligi Boeing-i Aýa uçmak işini gurnamak üçin saýlaýar. 1969-njy ýylda “Apollo-11” arş gämisiniň ýasalmagy bilen, bu gämi taryhy uçuşy amala aşyrýar.
1967-nji ýylda ilkinji “Boeing-737” laýner howa galýar we ähli wagtlaryň iň geçginli uçaryna öwrülýär. Soňra bolsa, bu meşhur kompaniýa yzly-yzyna “Boeing-747”, “Boeing-757”, “Boeing-767” we “Boeing-777” ýaly kämil uçarlary ulanylyşa goýberip başlaýar.
Biziň ýurdumyzda hem “Boeing” kysymly uçarlara aýratyn ähmiýet berilýär. Taryhyna nazar salsak, 1992-nji ýylyň noýabrynda GDA ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup ýurdumyzyň howa menziline “Boing-737” uçary gondy we şondan soň howa ulaglarymyzyň parky giňelip, köp sanly “Boeing” kysymly uçarlar raýatlarymyza hyzmat edip gelýär.
Ýeri gelende bellesek, biziň howa menzilimizden orun alan “Boeing 777-200 LR” uçary özüniň täsin aýratynlyklary bilen beýlekilerden has tapawutlanýar. Uçaryň enjamlaşdyrylyşynda innowasion tehnologiýalar aýratyn orun eýeleýär. Uzak aralyga uçmaga bolan ukyby uçaryň esasy aýratynlygydyr. Bu uçar dünýä boýunça uzak aralyga, has takygy 21 müň 601 kilometre gonmazdan uçup bilýär. Şeýle-de, bu uçarda ähli amatly şertler göz öňünde tutulan. Uçarda GSM we Wi-Fi aragatnyşygyndan işjeň peýdalanmaga hem mümkinçilikleriň döredilendigi aýratyn bellärliklidir. Häzirki wagtda bolsa, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň howa parkynyň gerimi barha giňeýär.
Taýýarlan: Gurbanmyrat GURBANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.