Taryha ser salsak, hat gatnatmak, habar bermek, aragatnaşyk saklamak bilen baglanyşykly işlerde kerwenleriň, çaparlaryň, ilçileriň hyzatlaryndan peýdalanylandygyny bilýäris. Haýwanat dünýäsiniň käbir wekilleri hem bu ugurda uly hyzmatlary bitiripdirler. Hususan-da, gadymy döwürlerde habar bermekde ýyrtyjy guşlardan, aw itinden, laçyndan peýdalanypdyrlar. Hat gatnadylanda kepderiden peýdalanylandygy bolsa, has täsin.
Kepderi parahatçylygyň nyşany hasaplanylýar. Hemişelik ýaşaýan ýerine öwrenişen kepderi uzaklara äkidilende hem öýüne ýol tapmagy başarýan täsin guş. Taryha ýüzlensek, Ýuliý Sezar söweş meýdanynda söweşiň ýagdaýy barada Rime maglumat bermekde kepderiden peýdalanypdyr. Gaznaly türkmen döwletiniň soltany Mahmyt ibn Muhammet öwredilen guşlary, haýwanlary saklamagy gowy görüpdir we olary hat-habar ibermekde ulanypdyr. Şolaryň arasynda kepderiler hem bolupdyr. Soltanyň saklan guşlarynyň aýagynda altyn halkasynyň bolmagy has täsin görnüpdir. Hat-da XIX asyryň ahyrlarynda Russiýada göçme kepderi aragatnaşyk beketleriniň döredilendigini aýratyn bellemelidiris.
Dürli kynçylykly ýagdaýlarda kömege ýetişýän tebigatyň täsin bu jandaryna adamlaryň ynanmagy, ykbalyny baglamagy bu guşa bolan ynamynyň uludygyny görkezýär. Diplomatiýada bolsa, bu guşa parahatçylygyň nyşany hökmünde aýratyn hormat-sarpa bilen garalýar.
Altyn HOJAMOWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy
etrabynyň pensiýa gaznasy bölüminiň başlygynyň kätibi,
TMÝG-niň işjeň agzasy.