YNAMYŇ GÜÝJI

     Ynam — öňe ymtylyşyň ýol-ýörelgesidir. Ol arzuwlara ýetmegiň ruhlandyryjysydyr, maksadyň hasyl bolmagynyň açarydyr. Ynam howaýy ymtylyşa däl, aýgytly durmuşy gurmaga netijeli ädimdir. Ynamyň güýji diňe özüňi däl, beýlekileriň  öňe ymtylmagyna we işiň ilerlemegine şert döredýär. Dilewarlyk sungatynyň ussatlarynyň aýtmagyna görä, özündäki ynama daýanyp, adam öz pikrini sadadan düşnükli dilde düşündirmegi başarýar. Şeýle adamlar diňe bir pikriň awtory bolman, şol pikriň aktýory hem bolýar. Bu bolsa maglumatlaryň söhbetdeşine has ynandyryjy, takyk we täsirli ýetirmegine oňyn täsir edýär.

     Adamlaryň käbiri bilen gürleşilende, diňe şu günüň gürrüňini edýändigini duýmak bolýar. Olar belli bir çäkde gürleýärler we şol çäk bilen oňňut etmeli bolýarlar. Öz öňünde maksat goýup, zähmet çekýän adamlaryň gürrüňi welin, başgaça. Sadadan sypaýy, diňledigiň saýy, diňläsiň gelip dur. Olar arzuwlaryny aýdanlarynda, hökman bolaýmaly ýaly görkezip, diňleýjini ynandyrmagy başarýarlar. Bu howaýy gürrüňi aňlatman, eýsem, ynamy görkezýär. Şol sebäpli hem her bir işde ynamly we maksadaokgunly hereket etmek gerek. Bu üstünlige barýan ýoldur.

 

 

 

Gurbanmyrat GURBANOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç

etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Öňki makala

HAT GATNADAN TÄSIN GUŞ

Indiki makala

TYLLA GÜÝZ

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI