ÝURDUMYZYŇ YLYM-BILIM ULGAMY — ÖSÜŞLERIŇ AÝDYŇ BEÝANY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik özgert meler amala aşyrylýar, ajaýyp ösüşler gazanylýar we belent sepgitlere ýetilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Garaşsyz Watanymyzyň nurana geljegi bolan, häzirki zaman ösen tehnologiýalaryndan we innowasiýalaryndan oňat baş çykarýan ylymly we bilimli ýaş nesillere döwletimizde uly ynam bildirilýär. Şonuň netijesinde hem täze taryhy döwürde türkmen ýaşlary döwrebap derejede bilim alyp, ylym öwrenip, olary özleşdirip, durmuşa geçirilýän beýik işlere ählitaraplaýyn kämil hünärmenler hökmünde mynasyp goşant goşýarlar.

     Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda beýik işleriň durmuşa geçirilýän zamanasynda ýurdumyzyň her bir ulgamyna aýratyn üns berilýär.Şu nukdaýnazardan, ylym bilim ulgamy, galybersede, ýaş nesiller baradaky mesele döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.Häzirki ajaýyp döwrümizde paýtagtymyz Aşgabatda we ähli welaýatlarymyzda ýaşlarymyzyň dünýä derejesinde ylymly, bilimli bolmagy üçin ähli şertler döredilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bilim ojaklarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi ýaşlaryň dünýä ylymlaryndan habarly bolmagy üçin hem giň mümkinçilikleriň döredilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

     Eziz Diýarymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hem giň seslenmä eýe bolýar. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň şanly 30 ýyllygy aýratyn many mazmuna eýedir. Şu ýylyň sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Arkadag şäherinde bina edilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mejlisler zalynda geçirilen maslahatda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko ýurdumyzdaky 6 sany mekdeplere şahadatnamalary uly hormat bilen dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 6 synyň ÝUNESKOnyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilmegi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň buýsançly wakalarynyň gerimini hasda giňeltdi.

     Daşoguz şäherindäki iňlis dili,himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26 njy orta mekdebiň bu abraýly guramanyň agzasy hökmünde ykrar edilmegi we oňa degişli şahadatnamanyň gowşurylmagy ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň üstüni täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýenede giň mümkinçilikleri açdy. Mälim bolşy ýaly, «ÝUNESKOnyň Assosirlenen mekdepleri» atly taslama 1953-nji ýylda döredildi. Ol tutuş dünýäniň bilim edaralaryny umumy maksadyň — parahatçylyk döredijilik we ynsanperwerlik gymmatlyklary ilerletmek, medeniýetleriň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek maksadynyň töwereginde jemleýär.

     Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen ýola goýýan giň gerimli, anyk maksatlara gönükdirilen hyzmatdaşlygynyň ýyl saýyn giňeýändigini nygtamak gerek.Abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.Şunuň bilen baglylykda, BMG-we onuň esasy düzümleri bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasyna hem uly orun degişlidir.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, ÝUNESKO bilen däp bolan gatnaşyklar  yzygiderli täze many mazmun bilen baýlaşdyrylýar.Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

     Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdep 1997 nji ýylda gurlup ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda bu mekdep 700 okuwça niýetlenip,bu ýerde ýaş nesiller talaba laýyk we döwrebap derejede bilim alýar.Okuw ýylynyň dowamynda bu mekdepde guramaçylykly ýagdaýda terbiýeçilik işleriniň uly toplumy yzygiderli geçirilip durulýar.Baýramçylyk dabaralaryna we şanly senelere bagyşlanyp geçirilýän dürli medeni köpçülik çäreleri ýokary derejeli many mazmuna beslenip,okuwçylary milli ruhda terbiýelemekde mynasyp orun eýeleýär.

     Ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň strategik taýdan ähmiýetli taslamalaryna hasda işjeň gatnaşmagy üçin,Türkmenistan bu guramada jebisleşdiriji gün tertibini mundan beýläkde ilerletmegi maksat edinýär.Ylym bilim we medeni ugurlarda tagallalary artdyrmak, ÝUNESKOnyň ýaşlar,sport,aragatnaşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi ileri tutulýan meseleleriň hataryndadyr.

     Goý,türkmen ýaşlaryna halkara hyzmatdaşlygynda giň ýol açýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hemde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il ýurt ähmiýetli dünýä nusgalyk işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Eneş HAÝDAROWA,

Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we

biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän

ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň müdiri.

MUGALLYMLAR GAZETI 04.10.2023ý.

Meňzeş habarlar