BILIM WE TERBIÝE

     Mugallymyň esasy wezipesi bilim bermek bilen bir hatarda, ýaşlarymyzda adamkärçilikli gatnaşyklary kemala getirip, iň oňat häsiýetleri terbiýelemekdir. Munuň üçin, ilkinji nobatda, ýaş nesillerde kiçigöwünlilik, birek-birege kömek bermek, hormatlamak, akgöwünlilik, dogruçyllyk, zähmetsöýerlik, ata-enä sarpa goýmak, Watanyňy söýmek ýaly iň oňat häsiýetleri terbiýelemek zerur bolup durýar.

     Türkmen halky nesil terbiýesine uly ähmiýet berýär. Muny ata-babalarymyzyň asylly ýörelgesinden hem, edebi mirasymyzdan hem görmek bolýar. Çünki edebi mirasymyzda nesil terbiýesi bilen bagly ençeme nakyllary, paýhasly sözleri, goşgulary görmek bolýar. Bu bolsa terbiýe mekdebiniň kämilligini, pederlerimizden gelýän asylly ýörelgäniň nusgalykdygyny aýdyň beýan edýär. şonuň üçin hem bu günki günde mugallymlar, bilim işgärleri okuwçylara bilim öwretmek bilen bir hatarda, olaryň terbiýeli bolmaklary hakynda hem aladalanýarlar. Mugallym okuwçylarynyň maşgalada, jemgyýetçilik ýerlerinde özüni gowy alyp barmagy ugrunda sapagy terbiýe beriji maglumatlar bilen baglanyşdyryp guraýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagynda şeýle belledi: «Ýagşylyk, haýyr-sahawat — bular biziň halkymyz üçin mukaddes düşünjelerdir. Kömege mätäç çagalara hoşniýetli garamak, olaryň aladasyny etmek, il hataryna goşmak, jemgyýetçilik terbiýesi bilen gurşamak türkmen halkyna mahsus milli däpleriň biridir. Bular halkymyzy bezeýän hem-de dünýädäki abraýyny beýgeldýän häsiýetlerdir». şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, çagany jemgyýetçilik terbiýesi bilen gurşap almak, bilim we terbiýe öwretmek mukaddes ýörelge bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz terbiýäniň on iki görnüşini beýan edýär. Munuň özi bolsa ýaş nesiller üçin durmuş mekdebidir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitap edep-terbiýäniň ummanydyr. Bu kitap geçmiş taryhymyza, edebi mirasymyza söýgi döredip, ýaş nesliň türkmen halkynyň milli ýörelgelerine uly hormat goýup biljek adamlar bolup ýetişmeklerine ýardam berýär. Kitapdaky: «Adamyň hormaty özüne bagly», «Akylly ogul — hümmetli, akylly gyz — gymmatly», «Edebiň ýagşysy — salam bereni, Ýakynlyk ýagşysy — baryp-geleni» diýen ýaly setirleri okuwçylara öwretmek we manysyny düşündirmek olarda terbiýeli, edepli bolmak ýaly häsiýetleriň kemala gelmegine uly ýardam berýär. şonuň üçin hem geçýän sapaklarymyzda pähimdar pederlerimiziň döreden nakyllaryndan, atalar sözlerinden peýdalanýarys. Munuň özi okuwçylara bilim bermek bilen bir hatarda, olary milli ruhda terbiýelemäge hem ýardam edýär. Ýaş nesliň döwrebap bilim öwrenmegi, mugallymlaryň has-da döredijilikli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Ogulnur HOMMATLYÝEWA,

Ýolöten etrabyndaky 20-nji orta

mekdebiň mugallymy.

«Mugallymlar gazeti» 04.10.2023 ý.

Meňzeş habarlar