Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlar bilen bir hatarda ylym bilim hem ösdürilýär, täze mümkinçilikler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleri barha rowaçlanýar, ýaşlaryň döwrebap bilimleri özleşdirmeklerine giň mümkinçilik döredilýär. Şeýle beýik işleriň netijesinde halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekjek ýokary bilimli ussat hünärmenler ýetişdirilýär. Şu täze okuw ýyly hem taryhy wakalara baý boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagy taryhy waka boldy. Munuň özi diňe bir ýaşlar üçin däl, eýsem, biziň her birimiz üçin ýol ýörelgedir. Çünki ýurdumyzyň Garaşsyzlygy, Watanymyzyň ösüşleri hakynda parasatly sözleriň beýan edilmegi çuňňur many mazmuna eýe bolýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrüň talabyna laýyklykda ösýär, özgerýär. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde ylymly-bilimli, Watana,halka wepaly, giň gözýetimli ýaşlary terbiýelemek, häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda has ýokary netijeleri gazanmak, bäsleşige ukyply şahsyýeti kemala getirmek wezipeleri esasy ugur bolup durýar. Şonuň üçin hem bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn we okuw-ylmy binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, şeýle-de bilim işgärleriniň zähmet, durmuş taýdan goldanylmagyna aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk ösdürmek, giň gözýetimli, döwrüň ösen tehnologiýalaryna höwesli, innowasiýalara esaslanýan zehinli ýaşlary kemala getirmek hem-de ýokary medeniýetli, arassa ahlakly nesli terbiýelemek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Bu bolsa röwşen geljegimiz bolan bagtyýar ýaşlaryň bilimiň döwrebap ugurlaryny özleşdirmeklerine giň mümkinçiliklerdir.
Döwletimiziň ösüp gelýän ýaş nesline döwrebap bilim we terbiýe bermek üçin has amatly şertleriň döredilmegi, iň döwrebap okuw mekdepleriň gurulmagy, okuw-tehniki serişdeler bilen üpjün edilmegi çagalaryň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmaga, ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almagyna, dünýä garaýşyny giňeltmäge, giň möçberli bilimiň ösüşini üstünlikli amala aşyrmaga, ýurduň ägirt uly mümkinçiligini doly durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Umumy bilim berýän orta we ýöriteleşdirilen mekdepleriň we çagalar baglarynyň, zehinli çagalar üçin mekdepleriň, ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň iň öňde baryjy tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy, multimedia we kompýuter tehnikasy bilen üpjün edilmegi, çagalary we ýaşlary okatmagyň interaktiw usullaryndan peýdalanmak mümkinçilikleriniň döredilmegi ýaşlaryň ylmyň gazananlaryny üstünlikli özleşdirmegine, gözýetimini giňeltmäge, olarda ylym älemine bolan gyzyklanmany döretmäge giň ýol açdy.
Häzirki döwürde ýaşlar üçin giň mümkinçilikler döredilýär, olaryň döwrebap bilimleri özleşdirmeklerine, öz bilimlerini durmuşa geçirmäge ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamaga we ýaşlarda ylma bolan höwesi döretmek boýunça hem birnäçe çäreler durmuşa geçirilýär. Ylymlar güni mynasybetli her ýylda ýaş alymlaryň we talyplaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşikleriniň geçirilmegi ýurduň ylym ulgamyny ösdürmäge, zehinli ýaşlary ylym-synag işlerine höweslendirmäge ýardam berýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda ençeme täze bilim ojaklarynyň gurlup ulanmaga berlendigini hem aýratyn bellemek gerek. Has takygy, şu ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumy uly şatlyk-şowhuna beslenip, dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Şeýle hem şol gün hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasynyň düýbi tutuldy. Bulardan başga-da, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi, şeýle hem okuw-terbiýeçilik toplumy, iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen mekdepler we çagalar baglary işe girizildi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda bolsa birbada ýokary okuw mekdepleriniň ikisiniň — Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň we Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň çäginde goşmaça okuw binasynyň hem-de beýleki desgalaryň düýbüni tutmak dabaralary geçirildi. Munuň özi ýaşlara, olaryň bilim öwrenmeklerine aýratyn üns berilýändigini, döwlet derejesinde alada edilýändigini aýdyň beýan edýär. Ylym-bilimiň ösmegine, ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun,beýik işleri üstünliklere beslensin!
Hojanazar TURAÝEW,
Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.
«Mugallymlar gazeti»
02.10.2023 ý.