IŇLIS DILI SAPAKLARYNDA OÝUNLARYŇ ÄHMIÝETI

     Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim ulgamynda geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň biri hem daşary ýurt dillerini öwrenmekdir. Biziň ýurdumyzda bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda iňlis dili düýpli öwrenilýär.

     Ýurdumyzyň çagalar baglarynda körpeler iňlis dilini 4­5 ýaşlarynda öwrenip başlaýarlar. Iňlis dilini degişli maksatnama laýyklykda özleşdirseler, onda çagalaryň sözleýiş endikleri ösýär, söz baýlygy artýar. Şonuň üçin körpelere iňlis dili boýunça okuw maksatnamasynyň talabyna laýyk bilim bermek mugallymlaryň esasy wezipesi bolup durýar. Çagalar baglarynda okatmagyň öz usuly aýratynlyklary bar. Ol aýratynlyklar sapagy usuly taýdan dogry guramak, çagalaryň ünsüni özüňe çekmek, sapaklary oýun esasynda alyp barmak, çagalaryň özbaşdak işläp bilmeklerini gazanmak, okuw görkezme esbaplaryndan, okuw serişdelerinden netijeli peýdalanmak ýaly meselelerden ybaratdyr. Şonuň üçin mugallym sapakda çagalaryň ünsüni çekjek dürli görnüşli oýunlary, didaktiki serişdeleri, ýumuşlary ulanmalydyr.

     Mekdebe çenli çagalar edaralarynda daşary ýurt dillerini öwretmekde oýunlaryň peýdasy uludyr. Dil öwretmekde oýunlaryň uly ähmiýetiniň bardygy pedagogikada subut edilendir. Körpeler bilen sapagy oýun ýa­da sahna görnüşinde guramak olaryň bilimlerini berkitmegiň iň möhüm şertidir. Iňlis dili sapaklarynda guralýan oýunlar çagalaryň özara işjeňligini artdyrýar hem­de ýatkeşligini, pikirleniş ukyplaryny ösdürýär. Çagalar hereketsiz oturmaga kanagat etmeýärler. Şonuň üçin olar bilen sapagy şu hödürlenjek oýunlar arkaly gurnamak çagalaryň işjeňligini artdyrar we sapagyň gyzykly bolmagyna ýardam eder.

     Çagalar baglarynda körpeler bilen «My Family» diýen tema geçilýär. Temany oýun arkaly şeýle gurnamak bolýar.

     1.Game: «Who is this?». Mugallym çagalara maşgala agzalarynyň suratlaryny görkezýär we «Who is this?» diýip sowal berýär. Çagalar «This is a mother» diýip jogap berýärler. Mugallym: «No she isn’t» ýa­da «Yes, she is» diýýär. Körpelere miweler we gök önümler barada düşünje berlende şeýle oýun guramak bolýar.

     2. Game: «Vegetables». Iki sany çaga alypbaryjy edilip saýlanýar. Olar otagdan çykýarlar, beýleki çagalar bolsa öz aralarynda miweleriň şekilerini paýlaşýarlar. Soňra alypbaryjylar otaga girýärler we biri «I want an apple for my basket» diýip aýdýar. Kimde şol miweli surat bar bolsa,ol «I have an apple for your basket» diýýär-de, miwäniň şekilini sebede salýar we alypbaryjynyň ýanynda durýar. Ikinji alypbaryjyda edil şolar ýaly «I want a pear for my basket» diýip, sebedi üçin miwe soraýar. Oýnuň soňunda haýsy alypbaryjynyň sebedinde miwesi köp bolsa, şol ýeňiji diýlip yglan edilýär. Mundan başga-da körpeleriň pikirleniş ukyplaryny ösdürmek, iňlis dilinde geçilen täze sözleri çagalaryň aňynda berkitmek üçin şeýle oýny guramak hem täsirli bolýar.

     3.Game: «What is this?». Mugallym stoluň üstünde dürli görkezme esbaplaryny goýýar. Bir çaganyň gözi daňylýar. Ol haýsy hem bolsa bir zady eline alyp, ol zady elleri bilen elläp, nämedigini bilmäge synanyşýar. Çagalar ondan «What is this?» diýip soraýarlar. Gözi daňlan çaga onuň nämedigini bilip, iňlis dilinde jogap berýär. Meselem: «This a cat» we ş.m. Eger-de çaga elindäki zadyň nämedigini bilmese, ol beýleki çagalara sowal berip bilýär. «What colour is it?». Haýsy çaga bilse, şol çaga ýeňiji hasap edilýär.

     Umuman aýdanymyzda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalar bilen iňlis dili sapagy gurnalanda, hökmany suratda çagalaryň başarnyklaryna nazara alynmalydyr. Şeýlelikde, oýunlaryň üsti bilen guralan iňlis dili sapagy körpeler üçin has täsirli we netijeli bolýar. Olar oýunlaryň dowamynda sapakda özlerini erkin alyp barýarlar, berlen ýumuşlary höwes bilen ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Mugallym sapakda alypbaryjy ýa­da gatnaşyjy hökmünde çykyş edýär. Bularyň hemmesi körpeleriň iňlis dilinde sözleýiş, diňläp düşünmek ýaly endikleriniň ösmegine ýardam edýär. Bu bolsa körpeleriň iňlis dilini öwrenmäge bolan höwesini we gyzyklanmasyny ösdürýär. Oýunlar sapaga özboluşly öwüşgin berýär, ýaýdanjaň, çekinjeň çagalaryň höwesini artdyrýar. Her bir sapakda ulanyljak oýnuň maksady bolmalydyr, mugallym şol maksada ýetmäge synanyşmalydyr.

     Daşary ýurt dilini kämil bilmek döwrüň barha ösýän talabydyr. Çagalary höweslendirip, olaryň sözleýiş dilini ösdürmek üçin döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýurdumyzda talabalaýyk işler alnyp barylýar. Bilim işgärleri üçin netijeli zähmet çekmäge ähli şertleri we mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Akbegenç AKUMMEDOWA,

Tagtabazar etrabyndaky «Güneş» atly

3-nji çagalar bakja-bagynyň mugallymy.

Meňzeş habarlar