BILIMDEN PAÝLY ÝAŞLAR

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar, ata Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary esasynda amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň bähbidini nazarlaýar.

     Her bir ýurduň geljegi onuň ylymly-bilimli ýaş nesli bilen berk baglanyşyklydyr. Agzybir hem-de zähmetsöýer halkymyz bagtyýar durmuşymyzyň gözbaşyny watansöýüji, ylymly-bilimli, sagdyn, zähmetsöýer, ýokary medeniýetli bagtyýar ýaşlarymyzda görýär. Ajaýyp ösüşleriň ýurdy bolan eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde umumybilim berýän orta mekdepleriň ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna mümkinçilik berýär.

     Türkmen ýaşlary ýurdumyzyň we ösen döwletleriň halkara ülňülerine laýyk bilim berýän ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga bolan mümkinçiliklerden peýdalanmak bilen, ata Watanymyzyň ykdysady, syýasy hem-de medeni taýdan ösmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

   Häzirki wagtda bilim ulgamyny täze tehnologiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Internet ulgamyna birikdirilen torlar arkaly dünýäniň ähli künjeklerinden gerekli ylmy maglumatlary almaga mümkinçilik bar. Bu torlar okuwçylaryň, talyplaryň gerekli maglumatlary öwrenmeklerine, özleşdirmeklerine we mugallymlaryň öz bilimlerini dünýädäki ylmy täzelikler bilen baýlaşdyrmaklaryna giň şertler döredýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan döwrebap özgertmeler ýokary okuw mekdepleriniň, okuw-önümçilik we ylmy-tehniki merkezleriň alyp barýan işlerinde, olaryň kärhanalar we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar bilen maksatnamalaýyn hem-de uzak möhletleýin esasdaky hyzmatdaşlygynyň dowamynda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň innowasion ösüş ýoly ähli ulgamlaryň we pudaklaryň hünärmenlerinden ýokary ussatlygy, oňat taýýarlygy, döredijilikli pikirlenmegi ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan erkin baş alyp çykmagy başarýan ýokary hünärli işgärleriň täze neslini terbiýeläp ýetişdirmegi talap edýär.

     Özgerişler ýoly bilen belent sepgitleri nazarlaýan ata Watanymyzyň bagtyýar nesline bilim we terbiýe bermek işi biz — bilim işgärleri üçin örän jogapkärçilikli we buýsançlydyr. Ata Watanymyza, il-günümize wepaly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde, olara döwrebap bilim bermekde mundan beýläk hem yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

    Ýurdumyzy beýik ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

 

Annageldi BEKIÝEW,

Saparmyrat Türkmenbaşy

etrabyndaky 33-nji orta

mekdebiň mugallymy.

Meňzeş habarlar