Ýakynda Bilimler we talyp ýaşlar güni hemde täze 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerinde täze bilim edaralary açylyp ulanylmaga berildi hem-de täze bilim ojaklarynyň düýbüni tutmak dabaralary geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmeleri üstünlikli dowam edýär.
Mähriban ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna ajaýyp sowgat hökmünde Arkadag şäherinde häzirki zaman bilim edaralarynyň birnäçesi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi altyn güýzüň şatlykly gününde ýaşlar üçin gapylaryny giňden açdylar. Bu buýsandyryjy wakalar mynasybetli geçirilen dabaralar biziň ruhumyzy belende göterdi.
Arkadag şäherinde 320 orunlyk mekdebe çenli çagalar bagynyň 9-sy, 720 orunlyk orta mekdepleriň 3-si, okuw-terbiýeçilik toplumynyň 1-i ýerleşýär.
Şu şatlykly pursatlarda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň öz işine başlamagy ähli türkmen halkyny begendirdi. Munuň özi bizi has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
Arkadag şäherinde halkara ülňülerine laýyk gurlan binalar şäheriň ýaşaýjylary üçin has oňaýly şertleri döredýär. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birinde döredilen bu ajaýyp dünýä nusgalyk şäher häzirki zamanyň şäher gurluşyk ýörelgelerini özünde jemleýän şäherdir. Arkadag şäherinde gurlan bilim ojaklary hem bu aýdylanlara güwädir.
Bu ýerde hakyky baýramçylyk ruhunyň emele gelendigini belläsimiz gelýär. Talyp ýaşlaryň şatlygy, sungat ussatlarynyň taýýarlan edebi-sazly kompozisiýasy dabara aýratyn şowhun paýlady. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hem halkara şahadatnamalaryň birnäçesine mynasyp bolmagy örän guwandyryjy ýagdaýdyr. Sebitde atçylyk we atly sport boýunça ýokary hünärmenleri taýýarlaýan ilkinji halkara akademiýa bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň ýurdumyzda döredilendigi üçin Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň Hormat şahadatnamasynyň gowşurylmagy bilim işgärlerini çäksiz begendirdi.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň düzümine okuw binalary bilen bir hatarda, beýleki desgalaryň hem girýändigini buýsanç bilen bellemek isleýärin. Bu ýerde kitaphana hem bar. Onda 240 orunlyk okalga zaly, 40 orunlyk elektron okalga zaly ýerleşýär. Bu ýerde ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň internet torundan peýdalanmaklary üçin ähli şertler döredilen. Bu kitaphanada türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke bedewleri baradaky ajaýyp kitaplary aýratyn orun eýeleýär. Baý taryhy maglumatlary hem-de häzirki döwrüň çeşmelerini ylmy taýdan seljermegiň we umumylaşdyrmagyň esasynda döredilen bu eserleriň daşary ýurt dillerine terjime edilendigi hem aýratyn bellärliklidir. Munuň özi bu eserleriň daşary ýurtly alymlar, umuman, ady rowaýata öwrülen behişdi bedewlere uly gyzyklanma bildirýän okyjylar üçin elýeterli bolandygyny bellemek gerek. şonuň ýaly-da, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde başlangyç synp mugallymlary, şeýle hem çagalar baglarynda terbiýeçiler taýýarlanýar. Bu okuw mekdebinde talyplaryň okamagy we mugallymlaryň işlemegi üçin ähli şertler döredilen. Giň we ýagty ders otaglary, kitaphana, arhiw, sport zaly, naharhana, şeýle hem dürli dersleri okadýan mugallymlar üçin usulyýet otaglary-da bar. Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin lingafon otaglary, kompýuter we internet otaglary-da ýaşlaryň hyzmatynda. Bu beýik işleri synlanyňda buýsanjyň goşalanýar. Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde üç gatly iki umumy ýaşaýyş jaýy bolup, olar 112 talyp üçin niýetlenendir. Onda talyplaryň boş wagtyny peýdaly geçirmekleri, okuw sapaklaryna taýýarlanmaklary, zerur bolan maglumatlar bilen tanyşmaklary, Internet torundan peýdalanmaklary üçin şertler döredilendir. şeýle hem bu ýerde ýaşlaryň futbol, woleýbol, basketbol oýnamagy hem-de sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin sport meýdançalary-da bar.
Bagtyýar ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Ýanwar ANNAÝEW,
Arkadag şäher bilim müdirliginiň başlygy.