DOGRAMA

Dograma türkmen milli tagamy bolup, oňa beýleki döwletleriň saçagynda duşmarsyňyz. Bu tagam gaty gadymy bolup, gurban berme däpleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ony ýörite günlerde, baýramçylyk günlerinde, däp-dessurlar amala aşyrylanda taýynlaýarlar. Dograma üçin täze goýun eti, sogan we çörek gerek.

Petir çörek hamyryny ýugurmak üçin hamyr maýa ulanylmaýar. Ol, adaty günlerde bişirilýän çöreklerimizden daşky görnüşi bilen hem tapawutlanýar. Petir çöreklerimiz bişip sowaýança uly gazanda goýun etini atarmaly. Çorbasyna diňe duz we birnäçe ter pomidor (tomat) goşulýar. Goýun eti tä et süňkünden aňsat sypyrylýança gowja gaýnadylyp bişirilmeli. Bişen eti çorbasyndan çykaryp almaly, çorbasynyň akmagy we sowamagy üçin goýýarlar. Dogramanyň mundan beýleki taýynlanyş prossesi-kollektiw döredijilik bolup, tutuş maşgalanyň we çagyrylan garyndaşlaryň, goňşylaryň gatnaşmagynda amala aşyrylýar. Petir çöregi elde owunjak edip dogralýar. Sogany ownuk dograýarlar we ýaňky dogralan çörek bilen garýarlar. Bu garyndyny şu ýagdaýda mata saçaga ýa köp hasa dolaýarlar we demine goýýarlar. Gaýnap bişen goýun etini el bilen inçe böleklere bölýärler, soňra ony ýaňky soganly çörege garýarlar. Täze bişen, dogralan petir çöregi soganyň hem, etiň hem tagamyny özüne tiz siňdirýär, şonuň üçin gury dograma garyndysy hem juda tagamly bolýar. Idial ýagdaýynda gury dograma iýilmezinden öň aýry gaba salynýar we üstüne köplenç gara burç sepilip iýilýär.

Azada ORAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

10 Iýul 2025 | 1 okalan

ENAÝ – LEZZETE BAÝ

10 Iýul 2025 | 1 okalan

FORUM – BU NÄME?

10 Iýul 2025 | 1 okalan

DOGRAMA