DIL BILEN DÜNÝÄNI GEZER

     Dil ynsanyň pikirlenişi bilen berk baglanyşyklydyr. Dil biziň beýleki adamlar bilen pikirlerimizi, garaýyşlarymyzy we duýgularymyzy paýlaşmagyň, düşünişmegiň ýoludyr. Her bir halkyň milliligi, däp-dessurlary onuň dil aýratynlygynda aýdyň şöhlelenýär. şonuň üçin hem dil öwrenmek halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň aýdyň beýanydyr. Dünýä dilleriniň içinde iňlis dili dünýäde giňden ýaýran dilleriň biri hasaplanylýar. Häzirki döwürde biziň ýaşlarymyz hem dünýä dilleri bilen birlikde iňlis dilini çuňňur öwrenýärler. Dünýä dillerini bilmek dünýä edebiýatyndan habarly bolmakdyr, ylmyň ösüşlerine giňden göz ýetirmekdir. Ylym-bilimi öwrenmekde dil biliminiň hem möhüm orny bar, çünki dünýä dillerini bilýän hünärmen ylmy edebiýatlardan peýdalanyp bilýär. Dünýäniň ylmy edebiýaty bilen ýakyndan tanyşmakda daşary ýurt dilleriniň uly ähmiýetiniň bardygy bellärliklidir. Dil diňe bir dostluk köprüsi däl, eýsem, ylym-bilimde hem möhüm ugurlaryň biridir. şonuň üçin hem häzirki döwürde dünýä dillerini öwrenmek ýaly asylly ýörelgeler kemala geldi. Bu hem ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklaryna mümkinçilik döredýär.

     Türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dilinde suwara düşünişip bilmek ukyplarynyň ösdürilmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Daşary ýurt dillerini öwretmekde iň kämil usullar ýola goýulýar. Sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi arkaly dürli sapaklar bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini öwredýän sapaklarda hem täze usullar, bilim bermegiň iň täze görnüşleri kemala gelýär. Daşary ýurt dillerini öwrenmekde ses ýazgylary, dürli ýeňillikleri döredýär. şeýle hem daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça kitaplar, sözlükler bu günki gün ýakyn gollanmamyza öwrüldi.

     “Dil bilen dünýäni gezer” diýen pähim bar. Halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde dil öwrenmegiň ähmiýetli orny bar. Dünýä dillerini öwrenmek üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilendir. Türkmen halkynyň bagtyýar ýaşamagyna, erkana işlemegine, bilim-terbiýeçilik işleriniň üstünlikli amala aşyrylmagyna giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri uly üstünliklere beslensin!

 

 

Selbi NEPESOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we

gaz uniwersitetiniň  öwreniji-mugallymy.

Meňzeş habarlar