Köpetdagyň eteginde häzirki zamanyň «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher Arkadag şäheri-türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes türkmen topragynda, gadymy Oguz ýurdunda binýat eden kämil sungat eseridir. Bu şäher «Geljegiň şäheri», «Bilimler şäheri», «Ýaşlaryň şäheri» ýaly onlarça atlar bilen atlandyrylyp, olaryň ählisi-de tüýs jüpüne düşen atlardyr.
Döwrümiziň ajaýyp aýratynlyklaryny özünde jemleýän bu şäher berkarar döwletimizde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, abadan durmuşy,nurana geljegi barada edilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň mysalydyr. Şoňa göräde, Arkadag şäherinde durmuş düzümleriniň sazlaşykly guralmagy bilen birlikde, ýaş nesli kämil ruhda bilimliterbiýeli edip ýetişdirmek işlerine hem möhüm ähmiýet berilýär. Muny bu şäherde gurlup ulanmaga berlen bilimterbiýeçilik maksatly binalardyr desgalar aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Altyn güýzüň ilkinji gününde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, okuw-terbiýeçilik toplumy, iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen mekdepler, çagalar baglary talyp ýaşlardyr mekdep okuwçylary, şeýlede bagtyýar körpeler üçin gapylaryny giňden açdylar.
Mundan başgada, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň gurulmagy ýaş nesillerimize kämil bilim bilen bir hatarda, milli terbiýäni bermekde, olary bilimler dünýäsine, sungat älemine çekmekde aýratyn ähmiýete eýedir.
Milli Liderimiz: «Biz bilim ulgamyny dünýä derejesinde döwrebaplaşdyrmaga, ruhy taýdan kä mil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, bilimli nesli ýetişdirmäge uly ähmiýet berýäris» diýip, örän jaýdar belleýär. Muňa Arkadag şäheri bilen baglanyşykly aýdan mysallarymyz aýdyň subutnama bolup, aýratyn buýsandyryjy ýagdaý, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 1nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň Ruhy ýet köşgünde Türkmenistanyň taryhyna, ýaş nesliň borçlaryna bagyşlanan umumy sapagy geçdi.
Bu taryhy waka ählimiziň şatlygymyzy goşalandyrmak bilen, özüniň owadanlygy we binagärlikşähergurluşyk babatda gaýtalanmajak keşbi arkaly dünýä jemgyýetçiligini özüne çeken «smartsitiniň»—Arkadag şäheriniň bilimler merkezidigini, ýaşlaryň we geljegiň şäheridigini ýene bir gezek görkezdi.
Döwran DURDYÝEW,
Hydyr Derýaýew adyndakyMugallymçylyk
mekdebiniň mugallymy.
«Nesil gazeti»
10.10.2023ý.