Ýurdumyzda adam mümkinçilikleriniň kämilleşdirilmeginde jemgyýetçilik durmuş we ahlak kadalarynyň, milli däp-dessurlarynyň ýaşlaryň gündelik durmuşynda amal edilmeginiň aýratyn ähmiýeti bar. Adamyň ahlak we hukuk ýörelgeleri boýunça ýaşamagy, zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, ulyny sylamak we kiçä hormat goýmak, jemgyýetçilik bähbitleri bilen utgaşýan we ösüşe oňyn täsir edýän adamkärçilikli, hoşniýetli hereketleri we häsiýetleri halkymyzda gadym döwürlerden bäri hormatlanyp, häzirki günlere ýetirilen gymmatlyklardyr. Şeýle häsiýetleriň, hususan-da, Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlarda jemlenmegi hormatly Prezidentimiziň nesiller baradaky aladasyndan gözbaş alyp, ýaşlara bildirýän esasy ynamy hem talaby bolup durýar.
Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmelere ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy babatyndaky atalyk aladalary, Watan, jemgyýet, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we dostluk hakdaky ýörelgeleri, watansöýüjilik, päk ahlaklylyk, halallyk, zähmetsöýerlik baradaky öwüt-ündewleri ýaş nesiller üçin nusgalyk görelde bolup hyzmat edýär.
Alym Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitabynda: “Eziz Watanymyzda siziň mynasyp ylym-bilim almagyňyz, döredijilik we dürli kesp-kärler bilen meşgullanmagyňyz, yzygiderli kämilleşmegiňiz üçin ähli mümkinçilikler döredilendir” diýip nygtaýar. Hormatly Prezidentimiz ýaşlara bildirýän ynamynyň netijeli amal edilmeginiň zerurlygy, ilkinji nobatda, ýaşlary özbaşdak durmuşa taýýarlamagy maksat edinýär.
Ýaşlary özbaşdak durmuşa taýýarlamak işi bolsa, ýurdumyzyň geljegi, döwletimiziň ösüşi barada alada edýän kämil nesli ýetişdirmek bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi işewür, döwrebap pikirlenýän, daş-töwereginde bolup geçýän hadysalara akyl ýetirmegi başarýan, filosofik medeniýete eýe, özüne ynamly, şol bir wagtda hem, öz-özüni çäklendirmegi başarýan, öz ruhy ösüşinde ýeten derejesi bilen kanagatlanmaýan, özüne baha bermegi başarýan, halal zähmet çekýän adamy ýetişdirmek diýmegi aňladýar. Alym Arkadagymyzyň “Paýhas çeşmesi” atly kitabynda pederlerimiziň “Watanyň tüssesi ýat iliň odundan ýagşy” (48-nji sah) diýen dana paýhasy öz beýanyny tapýar. Watansöýüjilik ýaşlaryň milli buýsanç duýgusynda terbiýelenmegine, geçmişine buýsanmagyna itergi bermek bilen birlikde, onuň şahsyýet hökmünde özüniň ynsanlyk mertbesini ýokary tutmak arkaly Watanyny beýgeltmegine hem şert döredýär. Ruhy mirasymyza ýüzleneniňde hem “külli türkmen balasyny men söýermen ili bilen” diýip halkyny janyndan eý gören Görogly begiň watansöýüjiliginiň ýokary derejesini, halkyňa buýsanmakda uly bir güýjüň bardygyny görmek bolýar.
Adamyň öz-özüne baha bermegi babatyndaky asylly endigi kämillige tarap ýol açýar. Hakyky durmuş bilen ýaşaýan adam öz edýän işleriniň ählisinden doly kaýyl bolup bilmeýär, kämillige ymtylýar. Çünki şeýle adam ol ýa-da beýleki işi ýerine ýetirip bilmändigi üçin aladalanýar. Ynsanyň kämil şahsyýet bolmagynda onuň amala aşyrýan hereketlerini, gylyk häsiýetini umumylykda bahalandyrmak üçin jemgyýet ahlaklylyk, edeplilik, halallyk ýaly düşünjeler bilen çemeleşýär. Halallyk bu adamyň ahlak we hukuk ýörelgeleri boýunça ýaşamagydyr. Pederlerimiz tarapyndan adamlaryň anyk hereketleri amal etmegini ýa-da ondan saklanmagyny kada derejesine ýetirilen ahlak kadalar ençeme ýyllaryň dowamynda gaýtalanýan düzgünleriň däp-dessurlaryna esaslanýar. Adamkärçilikli, hoşniýetli häsiýetleri arkaly ahlak älemini kämilleşdirýän her bir adam özüniň ruhy tämizligi bilen jemgyýetiň ahlaklylygyny emele getirýär. Ol kämil ahlak gymmatlyklaryň eýesi bolmak bilen, wyždan, ynsap we mertebe ýaly ynsan gymmatlyklary bilen şahsyýetiň ene topraga bolan söýgüsini kesgitleýär.
Adamlaryň jemgyýetde özüni alyp baryşlaryny kadalaşdyrýan, olaryň bähbitlerini we gyzyklanmalaryny aňladýan, umumy häsiỳetdäki ahlak we hukuk kadalary, däp-dessurlary, edim-gylymlary özünde jemleýän düzgünler jemgyýetiň durmuş kadalaryny emele getirýär. Bilşimiz ýaly, hukuk kadalary jemgyýetçilik tertibiniň möhüm düzüm bölegi bolan hukuk tertibini üpjün edýän bolsa, jemgyýet tarapyndan ykrar edilýän ahlak kadalar adamyň özüni jemgyýetiň garaýyşlaryna laýyk alyp barmagynyň etiki, ynsanperwer kadalary bolup durýar. Durmuş kadalarynyň bir bütewi toplumyny ylym-bilim bilen sazlaşykda özleşdirýän her bir adam kämil şahsyýet hökmünde jemgyýetçilik ösüşine goşant goşmak bilen, “adam maýasy” diýen wajyp görkezijini esaslandyrýar. Bilermenleriň nygtamagyna görä, haçan-da döwlet tarapyndan kabul edilýän hukuk kadalary jemgyýete ornaşyp, halkyň ruhy dünýäsinde orun alan bolsa, däp-dessura öwrülen ahlak kadalarynyň bolsa, adamyň hukuk medeniýetiniň esasy görkezijileriniň biri hökmünde ykrar edilen ýagdaýynda şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň arasyndaky sazlaşyk berkeýär. Şeýle ýagdaýlar milli ahlak ýörelgeleriniň we hukugyň amal edilmeginiň iň kämil görnüşini şöhlelendirýär. Hukuk kadalary bilen bir hatarda jemgyýet tarapyndan ykrar edilýän ahlak kadalary şol jemgyýetiň her bir agzasynyň şahsy asylly häsiýetini bahalandyrýan ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgesi bolup durýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriniň binýadynda durýan hukuk we ahlak kadalarynyň özara sazlaşygyny halkara ülňülerine laýyk gelýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we beýleki hukuk namalarynda aýdyň görmek bolýar. Hususan-da, kämillik ýaşyna ýeten çagalaryň öz ata-eneleri barada alada etmäge, olara kömek bermäge şeýle hem her bir adamyň tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludygy baradaky kadalar aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr. Hukuk kadalaryna eýerýän adam üçin netijeli serişde bolup ýüze çykýan öz-özüňi terbiýelemegiň jemgyýetçilik tertibini berjaý etmekde ähmiýeti uludyr. Özüňi terbiýelemek bu adamyň özünde hukugy çuňňur hormatlamak duýgusynda, durmuş tejribesi bilen ahlak kadalaryny özleşdirmek arkaly hukugy ýerine ýetirmegi berjaý etmeginde jemlenýär. Bu bolsa, onuň hukuk medeniýetini kesgitleýär. Hukuk medeniýetini amal etmegiň ilkinji ädimleri hem edep-ekramdan gözbaş alýar.
Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly kitabynda “Jennet eneleriň dabanynyň astyndadyr” diýen jümläni ähli perzentleriň aňyna siňdirmegimiz gerek. Enesini razy eden il-ulusyny hem razy edýär, iliň ynamyny gazanýar. “Jennet” diýip ata-babalarymyz hözirli durmuşda ebedi ýaşamaga düşünipdirler. Şol ýaşaýyş, şol durmuş hem perzentleriniň enelere wepadarlygyndadyr” (74-nji sah.) diýip jaýdar belleýär. Geçmişde ata-babalarymyz ýaş nesle gowy terbiýe bermegi durmuşda gaýragoýulmasyz hem derwaýys wezipeleriň biri hasaplapdyr. Halkymyzyň edebiň netijesi ýagşy ahlakdyr diýen dana pähimi şeýle asylly durmuş tejribesini şöhlelendirýär. Adamkärçiligiň mizan terezisi hökmünde gadym döwürlerden hyzmat edip gelen “salamlaşmak edebi”, “watansöýüjilik”, “zähmetsöýerlik” ýaly asylly häsiýetler adamkärçiligiň kada-kanunlaryny, medeniýeti, edep-ekramy özleşdirmegiň başlangyjy bolup çykyş edip şu günlerimize ýetipdir.
Adamy maşgala, mekdep we jemgyýet terbiýeleýär. Ynsanyň kämil şahsyýet bolmagynda jemgyýetçilik kadalaryna bolan garaýşy onuň amala aşyrýan hereketlerini, gylyk-häsiýetini bahalandyrmakda esasy görkezijileriň biri bolup durýar. Şahsyýetiň ýokary ahlak derejesiniň jemgyýetiň sagdynlygynyň alamaty bolup durýandygy nukdaýnazaryndan, jemgyýet hemişe adamlaryň hereketleri boýunça ýagşyny we ýamany saýgarmagy başarypdyr. Gadymy döwürlerden bäri ata-babalarymyz zähmetsöýerligi, halal zähmet çekmegi jemgyýetçilik ýaşaýşynyň esasy hökmünde ündäpdir. Eli hünärli adamlara, hünär öwredýän ussat halypalara we hünär öwrenmäge yhlas edýän şägirtlere hormat goýlupdyr, halypa şägirtlik mekdebi ösdürilipdir. Halkyň durmuşyna ornaşan däp-dessurlar, uzak ýyllaryň dowamynda nesillerden-nesillere geçip gelýän önümçilik tejribeleri, “Zähmetsiz iş bolmaz”, Är işlemez gural işlär, guralsyz barmagyn dişlär”, “Halal zähmet baky döwlet”, “Zähmet soňy-rähnet” ýaly nakyllar arkaly halkymyz zähmet çekmäge bolan höwesi çagalara siňdirmegi başarypdyr. Şeýlelikde, adamyň we jemgyýetiň ösüşinde halal zähmetiň wajyp ornuny zähmet arkaly täze endikleri edinmek, öz başarnyklaryňy giňeltmek, bilimleriňi baýlaşdyrmak ýaly oňyn endiklerde görmek bolýar. Zähmet çekmegiň netijesinde bir tarapdan bazaryň harytlar, hyzmatlar we medeni gymmatlyklar bilen baýlaşmagy bolup geçýän bolsa, beýleki tarapdan kämil şahsyýetler tarapyndan dolandyrylýan önümçilik hem döwrebap ösüşe eýe bolýar.
Umuman, her bir adamyň ahlak gözegçisi bolan jemgyýetiň ýokary ahlakly şahsyýetlere baý bolmagy döwletde hukugyň amala aşyrylmagyna itergi bermek bilen birlikde, ýurdumyzyň adam maýasynyň kämillik derejesiniň ýokarlanmagyna, kämil şahsyýetleriň kemala gelmegine itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrundaky atalyk aladalary, ýaşlar barada durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň toplumlaýyn we netijeli häsiýetinde ýüze çykýar.
Welimyrat ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
baş hünärmeni.