ÝYLGYRYŞLARYŇ ÝURDUNA SYÝAHAT

     Dünýä ýurtlaryna syýahat edýän jahankeşdeleriň ünsüni çekýän aýratyn ýagdaýlar bar. Olaryň hatarynda ýurduň rahatlygy we asudalygy esasy orun eýeleýär. Ýaşaýjylaryň mähirli gatnaşyklary we myhmansöýerligi hem bu ýagdaýlara degişlidir. Jahankeşdeleriň ünsüni çekäýjek zatlaryň ýene biri-de, ýurduň taryhy-medeni gymmatlyklarydyr. Ondan daşary, Ginnesiň rekordlar kitabynyň hem jahankeşdeler üçin käbir pursatlarda ýol gollanmasy bolup durýandygyny bellemek gerek. Şeýle hem, bazar bolçulygy we ykdysady gurşawyň amatly ýagdaýlary hem göz öňüne tutulýar. Bularyň ählisi, syýahatçylygy ösdürmek ýolunda täsir edýän görkezijiler bolup durýar.

     Syýahatçylygyň ösen döwletleriniň biri-de Günorta-Gündogar Aziýanyň çäklerinde ýerleşen Tailand Patyşalygydyr. Ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň hatarynda durýan bu döwlet syýahat etmek üçin örän amatly we rahatdyr. Munuň özi ýurduň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi, klimatynyň ähli pasyllarda hem göwnejaý bolmagy bilen häsiýetlendirilýär. Tailand dünýäde pikap awtoulaglary öndürmek boýunça ABŞ-dan soň ikinji orunda durýar. Aziýada bolsa, awtomobil önümçiligi boýunça Ýaponiýadan, Günorta Koreýadan soň üçünji orunda durýar.

     Howa şertleriniň oňaýly bolmagy ýylda azyndan iki gezek bol hasyl almaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde howa ähli pasyllarda durnuklylygyny saklaýar. Bu bolsa ýurtda syýahatçylygy ösdürmäge giň ýol açýar. Ýurduň ilatynyň hoşniýetliligi, myhmansöýerligi we patyşalygyň asudalygy bilen bagly bu mesgeni «Ýylgyryşlaryň ýurdy» diýip atlandyrýarlar. Çünki Tailandyň halky alçaklygy bilen tapawutlanýar.

     Ýurduň esasy merkezi hasaplanýan Bangkok ählumumy abadançylygyň we erkinligiň şäheridir. Aslynda, Tailand «erkin adamlaryň mekan tutan ýurdy» diýmekdir. Bu at dünýäde iň uzyn at hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdir. Çünki «Bangkok» sözüniň onlarça manysy bar. Hususan-da, bu şähere «Perişdeleriň şäheri», «Keramatly şäher», «Baky hazynaly şäher», «Keramatly Indranyň müdimi şäheri», «Dünýäniň iň gözel şäheri», «Şadyýan şäher», şeýle hem «Keramatly Indranyň sowgat beren şäheri we Keramatly Wişwakarmanyň binýat eden şäheri» ýaly manylary aňladýandygyny bellemek bolar.

     Tailandlylar özüni erkin alyp barýarlar. Munuň esasy sebäbi-de, özleriniň erkin ýurtda ýaşaýandygyna ynanýarlar. Ýurduň adynyň manysy hem şeýle ýörelge bilen baglanyşyklydyr. Tailand halky özlerini «Muang Taý» ýa-da «Prathet Taý» diýip atlandyrýarlar. Tailand sözi «Thailand», ýagny «Thaý» we «Land» sözleriniň birikmesinden emele gelendir. ‘Thai»- taý dilinden terjime edilende «erkin», «Land»-iňlis sözi bolup «ýer, ýurt» manylaryny berýär. Taryhy maglumatlara görä, hat-da 1913-nji ýyla çenli taý halkynyň aglabasynda familiýa bolmandyr, olaryň arasynda at has ýörgünli bolupdyr. Halk esasan taý dilinde gürleýär. Iňlis dili ikinji dil hökmünde hereket edýär. Bu bolsa, jahankeşdeler üçin amatly bolup durýar.

     Tailand Gadymy medeniýeti, haýran galdyryjy däp-dessurlary, özboluşly taryhy, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ajaýyp dürdäne eserleriniň  gaýtalanmajak özboluşlulygy, deňizleriň jana şypaly we gözel kenarlary, täsin adalary bilen ähli jahankeşdeleriň ünsüni bada-bat özüne çekýär. Tailandyň gymmatly medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Hususan-da, sanawa 1991-nji ýylda ýurduň Aýutthaýa sebitinde ýerleşýän Aýutiýa taryhy şäheri, Sukhothaýdaky taryhy seýil baglary, Si Satçanalaý, Kamphengphet ýaly taryhy seýilbaglary, 1992-nji ýylda Bançiang arheologiki ýadygärligi, 2005-nji ýylda bolsa Dongfaýaýen-Khauýaý tokaýlyklar bilen gurşalan künjegi, Khauýaý, Thaplan, Pang Sida, Ta phraýa milli seýilbaglary, Dongýaýyň ýabany tebigaty goşulýar.

     Umuman, Tailand täsinlikleri we täsin adatlary u ýurduň jahankeşdeler tarapyndan gelim-gidimli ýere öwrülmegine oňaýly täsir edýär. Şeýlelikde, täsin adatlar bilen tanyş bolmak we özüni onuň gurşawynda duýmak üçin jahankeşdeleriň müňlerçesi ýylyň dört paslynda hem bu ýere syýahata barýarlar.

 

Taýýarlan: Gurbanmyrat GURBANOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç

etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1143 okalan

ENE HÜWDÜSI

22 Noýabr 2024 | 2230 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY