Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda tebigy mirasymyzyň egsilmez hazynasynyň ylmy esaslarda özleşdirilmegi ýurdumyzda tebigy bejeriş usulynyň giň gerimde alnyp barylmagyna, ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän halk lukmançylygyny ösdürmäge giň ýol açýar. Halkymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýörelgeleri durmuşyň ähli ugurlarynda şol sanda adam saglygynyň berkidilmeginde hem ykrar edilipdir. Arassa howany bedeniň sagdynlygynyň we ruhubelentliginiň çeşmesi hasaplaýan halkymyzda howa gurşawynyň adam bedeniniň bütin durkuna güýç-kuwwat beriji, göwnüni göteriji, yssy howanyň bedeni gowşadyjy, işe ukyplylygy peseldiji täsiriniň bardygy, sowuk howanyň, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň adamyň sagdynlygyna peýdalydygy gadymdan ykrar edilipdir.
Halkymyzyň tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak ýörelgesine ýaşaýşyň ähli ugurlarynda pugta eýerendikleri, bu ýörelgeleriň ýaşaýyş-durmuş kadasyna öwrülendigi, tebigata uýgunlaşyp diňe bir onuň bilen sazlaşygy ýola goýman eýsem tebigaty öz durmuşyna laýyklykda rejeli özleşdirendikleri, ondan dürli melhemlik emlerini taýýarlamak arkaly keselleri bejerendikleri baradaky tejribesi hem öwrenilmäge, wagyz edilmäge mynasypdyr.
Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde adamyň we jemgyýetiň durmuşy, Ýer ýüzünde medeniýetleriň ösüşi ynsanyň sagdyn ýaşaýşynyň gönezligi bolan tebigat hem-de tebigy şertler bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup durýar. Bu ugurda keremli türkmen topragynyň baý ösümlik dünýäsiniň milli bejerijilik we melhemçilik ähmiýetini beýan edýän Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly eseriniň XV jildiniň neşir edilmegini aýratyn bellemek zerurdyr. Munuň özi, gahryman Arkadagymyzyň melhem otlara juda baý bolan gözel tebigatymyzyň mümkinçiliklerine, ýurdumyzda adam saglygynyň ylmy esasda berkidilmegine yzygiderli üns berýändiginiň aýdyň beýanydyr. Alym Arkadagymyzyň saglygyň baş baýlykdygyny ykrar edýän halkymyzyň gadymdan gelýän milli ýörelgelerine daýanýan bu ylmy eserlerinde öz beýanyny tapan tebigy gözellikleriň ynsany maýyl edýändigi, adam kalbyna rahatlygyň aralaşmagyna, ruhunyň çaglanmagyna oňyn täsirini ýetirýändigi nukdaýnazaryndan alanyňda, onuň ynsan saglygynyň tebigat bilen aýrylmaz baglanyşygyny esaslandyrýandygyna, adam bilen tebigatyň özara sazlaşygyny berkidýändigine anyk göz ýetirmek bolar.
Alym Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitabynda «Türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri gözel tebigaty, hoşgylaw, hormat goýujy we ylalaşykly ilat, şirin aýdym-sazy, durmuş gurluşy hem-de ynsanperwer ýörelgeleri, joşgunly toýdur baýramlary bilen özüne bendi ediji güýç — gudrata eýe ülkedir» diýip nygtaýar. Bularyň ählisi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň, däp-dessurlarynyň we medeniýetiniň içinden tebigata we daşky gurşawa bolan söýginiň eriş-argaç bolup geçendigine şaýatlyk edýär. Tebigaty goramagyň ilkinji ädimleriniň daşky gurşawyň düzümi bolan howany we suwy tämiz hem-de oňaýly saklamalydygyna bolsa, ata-babalarymyz hemişe üns merkezinde saklapdyrlar.
Parahatçylygyň we ösüşiň mekany bolan ýurdynda hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesi bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwletimizde saglygy goraýyş ulgamynyň esasy ýörelgeleri hökmünde: jemgyýete sagdyn ýaşaýyş-durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, şol sanda kadaly iýmitlenmek; zyýanly endiklerden daşda durmak; zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak; sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly ugurlar ileri tutulýar. Dünýäniň öňdebaryjy tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk merkezleri açylyp halkymyza hyzmat edýär, lukmançylyk ulgamynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli ýokarlandyrylýar, lukmançylyk ulgamynyň hukuk binýady yzygiderli kämilleşýär. Bularyň ählisi döwletimiziň saglygy goraýyş ulgamynyň hil taýdan täze derejelere çykýandygyny aýdyň tassyklaýar.
Ilatymyzyň saglygyny goramak bu her bir adamyň uzak ýyllyk, işjeň durmuşyny goldamak, onuň beden we ruhy saglygyny saklamak we pugtalandyrmak maksady bilen durmuş-ykdysady, medeni, ylmy, bejeriş-öňüni alyş, bejeriş-sagaldyş, saglygy goraýyş-durmuş, sanitariýa-gigiýena, epidemiýa garşy, melhemçilik we beýleki çäreleri amala aşyrmaga gönükdirilen işleriň jemidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde bedenterbiýe we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan giň gerimli işler toplumlaýyn häsiýete eýedir. Çünki, sport — adamzadyň saglygyna we jemgyýetiň medeniýetine gönükdirilen terbiýäni oýunlaryň, ýaryş ulgamlarynyň we bedenterbiýäniň üsti bilen gazanmagy aňladýar. Sport bu ýaryş ulgamydyr, ol adamyň başarnyklaryny ýüze çykarmaga we deňeşdirmäge mümkinçilik berýän hadysadyr. Sporta berilýän bu düşünjeden şeýle netije çykarsa bolar, ýagny sporta giňişleýin baha bermek bilen onuň adamlary zähmete taýýarlamagyň, hereket başarnyklaryny ýokarlandyrmagyň, jemgyýetiň ruhy talabyny kanagatlandyrmagyň, dostluk, doganlyk, parahatçylyk gatnaşyklaryny giňeltmegiň, gözelligi terbiýeleýji serişdesi bolup hyzmat edýän zerur şertdir. Diýmek, sportuň esasy maksady onuň kömegi bilen şahsyýetiň ahlak-ruhy, fiziki bedenini kämilleşdirmek we onuň saglygyny berkitmekdir.
Bedeni sag adamlar ruhy taýdan hem has baý bolýarlar. Sport we bedenterbiýe adamlarda şahsyýeti terbiýeleýär. Sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanýan adam öz erkini, ukybyny, zehinini taplaýar. Ynsanyň ruhy we durmuş taýdan abadançylygy bilen baglanyşykly bolan adam saglygy jemgyýetde sagdyn şahsyýetiň kemala gelmeginiň, onuň döwrebap ösmeginiň ilkinji derejeli zerurlygy hem-de kepilligidir. Şeýle kepilligiň netijeli durmuşa geçirilmegi bolsa sagdyn şahsyýetleri kemala getirmegiň halkara hukuk kadalaryny, dünýäniň oňyn tejribesini hem-de taryhy ýörelgelerimizi özünde jemleýän kanunlar esasynda döwrebap kadalaryň berkidilmegi arkaly mümkindir. Ýurdumyzda saglygy goraýyşyň döwrebap ulgamyny durmuşa geçirmekde möhüm orny bolan kanunlar arkaly her bir adamyň saglygyny goramaga bolan hukugy, raýatlaryň sagdyn ýaşaýyşynyň ileri tutulmagy jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň islendik ugurlarynda ykrar edilýär.
Umuman, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeleriň gözbaşynda ilkinji nobatda, halkymyzyň medeni mirasynyň milli edep kadalary bilen sazlaşygynyň, däp-dessurlar, adatlar we özboluşly usullar arkaly sagdyn ýaşaýşy üpjün etmekde özleşdiren tebigat bilen sazlaşyk ýörelgeleriniň durýandygyny görmek bolýar. Munuň özi, olaryň goralmagynyň, öwrenilmeginiň we baýlaşdyrylmagynyň hem-de wagyz edilmeginiň wajyplygyny aýdyň görkezýär.
Şamämmet TÄÇJANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
bölüm müdiri.