Gadym zamanda Sarondip atly adada özüniň mylaýymlygy, ynsanperwerligi bilen tanymal bolan bir patyşa höküm sürýärdi. Emma patyşanyň ynamyndan gaçýan adamlar seýrek hem bolsa tapylýardy. Patyşanyň ynamyndan esasy gaçýanlar hazynasyny saklaýanlardy. Kimi hazynaçy bellese, tizden onuň kimdiginiň üsti açylýardy. Şeýle ýagdaýyň köp gaýtalanmagy patyşany alada goýdy. Ol bu wezipäni abraý bilen ýerine ýetirjek päk wyždanly hazynaçyny gözleýärdi.
Günleriň birinde belli jahankeşdäniň ýoly Sarondip adasyna düşdi. Ol birnäçe gün patyşanyň myhmany boldy. Bir gezek patyşa dana jahankeşde bilen söhbetdeş bolanda:
— Eziz myhmanym, siz jahankeşdeligiňiz üçin dürli ýerlerde, her hili häsiýetli adamlar bilen aragatnaşykda bolansyňyz. Siz maňa arassa, kanagatly, paýhasly adamy saýlamakda nähilidir ajaýyp usuly salgy beriň — diýýär.
Onda jahankeşde:
— Bu işi amala aşyrmakdan aňsat zat ýok. Siz bir gün hazynaçy bolmaga isleg bildirýänleriň her birini aýratynlykda kirişli saz guralynyň astynda tans etdiriň. Kim çaltlyk bilen tans etse, şony hazynaçy belläň — diýip, teklip edipdir.
Patyşa haýran galyp:
— Eý, jahankeşde, siz maňa dogry düşünmediňiz öýdýärin. Eýsem, çalt tans edýän tansçydan hem halalhon, kanagatly hazynaçy çykarmy? — diýipdir.
— Ynanyň, şahy-älem, şundan gowy usul bolup bilmez — diýip, jahankeşde jogap beripdir.
Günleriň birinde aýdylyşy ýaly, hazynaçy bolmaga isleg bildirýänler çagyrylypdyr. Gelenler bir ýere toplanypdyr we olaryň sany 64 eken. Olaryň girmeli ýeri bolsa, altyn-kümüşden doldurylan otagyň gabadyndady we otag açykdy. Her kim nobatma-nobat girip, tans etmelidi. Tans eden kişi başga bir otagda onuň netijesine garaşýardy.
Şeýlelikde, olaryň 64-si hem synagdan geçdi. Emma synag mahalynda hazynaçylyga isleg bildirenleriň 63-si tans edenlerinde ellerini jübülerine sokup tans etdi. Olaryň diňe biri erkin tans etdi. Erkin tans eden kişini patyşa hazynaçy diýip yglan etdi. Beýlekileri bolsa jezalandyrmagy buýurdy. Çünki ellerini jübülerine sokup tans edenler bilniksizden altyndan alyp, jübülerine saldylar. Tans oýnanlarynda bolsa, bu telek işlerini bildirmezlige çalyşdylar we şeýlelikde, tansy oňat ýerine ýetirip bilmediler.
Taýýarlan: Gurbanmyrat GURBANOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç
etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.