«TEGELEK STOLUŇ» BAŞYNDAKY SÖHBETDEŞLIK

     Ýaňy-ýakynda Söwda-senagat edarasynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň geçirilmegi, hormatly Prezidentimiziň «Arkadag» medaly bilen sylaglanmagy şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň 15-nji jildiniň Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda çapdan çykmagy dogrusynda TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň we «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

     Duşuşykda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan pähim-parasatly döwlet syýasatynda türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgeleriniň, ruhy gymmatlyklarynyň we asylly däpleriniň öz beýanyny tapýandygy dogrusynda söhbet edilip, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer taglymatynyň, howandarlyk ýörelgesiniň bütin dünýäni çoýýandygy, sahawatyň we ynsanperwerligiň nusgalyk göreldesini görkezýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen täze döredilen Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň gowşurylmagy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň 15-nji jildiniň halk köpçüligine ýetirilmegi türkmen halkynyň buýsanjyna buýsanç goşup, baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşandygy barada täsirli çykyşlara giň orun berildi.

     Halkymyzy baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw edildi.

 

 

Aýnabat ATAÝEWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Sentýabr 2024 | 2 okalan

SUNGATDA GARAŞSYZLYGYMYZYŇ TARYPY

21 Sentýabr 2024 | 1 okalan

DIL BILMEK – DÜNÝÄNI ÖWRENMEK

20 Sentýabr 2024 | 206 okalan

PYRAGYNYŇ ARZUWLAN ZAMANY GELDI