EÝEÇILIK HUKUK GORAGLYLYGYNYŇ HUKUK ESASLARY

     Esasy Kanunymyzyň 12-nji maddasynda bellenilişi ýaly, eýeçilik eldegrilmesizdir. Türkmenistan ýere, önümçilik serişdelerine, gaýry maddy we intellektual gymmatlyklara hususy eýeçilik hukugyny ykrar edýär. Şeýle hem olar raýatlaryň birleşiklerine we döwlete degişli bolup biler. Döwletiň aýratyn eýeçiligi bolup durýan obýektler kanun bilen bellenýär. Döwlet eýeçiliginiň ähli görnüşleriniň deň goragyny kepillendirýär we olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýär.

     Eýeçilik hukugy zat hukuklarynyň esasy, ýagny ilkinji hukuklarynyň biridir. Beýleki hukuklar eýeçilik hukuklaryndan gelip çykýan häsiýetde bolup, eýeçilik hukugyna zat hukuklarynyň ähli alamatlary degişlidir. Eýeçilik hukugynyň subýekti özüne degişli emläge doly ygtyýar edip bilýär. Kanunçylykda eýeçilik hukugy 3 sany esasy hukugyň jemi hökmünde häsiýetlendirilyär, ýagny emläge eýelik etmek hukugy, peýdalanmak hukugy we ygtyýar etmek hukugy. Başgaça aýdylanda eýeçilik şol üç hukugyň üsti bilen düşündirilýär.

     Eýeçilik hukugynyň eýesi zada, emläge ygtyýar etmäge haklydyr. Ýagny ol zadyň hukuk ykbalyny çözýär, satyp, peşgeş berip, kärendä berip, girew goýup, çalşyp bilýär. Zat eýesiniň eýeçilik hukugy boýunça öz ygtyýarlyklaryny başgalara berip bilýändigi barada mysal getireliň. Kanunçylyga laýyklykda, ol emlägini ynançly dolandyrmaga başga şahsa berip biler. Şunda şular ýaly emlägi başga ýagny ynançly dolandyrmaga bermek, eýeçilik hukugynyň geçmegini aňlatmaýar. Bu ýagdaý zat eýesi, ýagny dolandyryşy dörediji bilen ynançly dolandyryjynyň arasynda borçnama gatnaşyklarynyň ýüze çykmagyna getirýär.

     Görkezilenlerden ugur alyp, eýeçilik hukugyna ilki subýektiw manyda kesgitleme bermek bolar: bu hukuk has doly subýektiw zat hukugy bolup, onuň eýesi özüne degişli emläge eýelik edýär, ondan peýdalanýar hem-de oňa ygtyýar edýär. Eýeçilik hukugyna obýektiw manyda kesgitleme berlende bolsa, eýeçilik hukugy zat eýesiniň öz emlägine eýelik etmek, ondan peýdalanmak hem-de oňa ygtyýar etmek bilen baglanyşykly gatnaşyklary kadalaşdyrmaga gönükdirilen hukuk kadalarynyň jemidir. Şu gatnaşyklara emlägi goramak baradaky gatnaşyklar hem giryär. Görkezilen hukuk kadalaryň aglabasy raýat hukuk häsiýetde bolýar.

     Eýeçilik hukugynyň obýektlerine: ýer, ýer jümmüşi, suw serişdeleri, tokaý gaznasy, uglewodorod (ýangyç) serişdeleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi, emläk toplumlary, jaýlar, desgalar, ýasaýyş obýektler, enjamlar, önümçilik, sarp ediş, durmuş, medeni we beýleki maksatly eýeçilik obýektleri, medeniýet, başga maksatly zatlar, açyşlar, oýlap tapyşlar, senagat nusgalary, haryt nyşanlary, intellektual zähmetiň beýleki netijeleri degişlidir.

     Eýeçilik hukugynyň obýektleri barada aýdylanda bir ýagdaýy göz öňünde tutmak gerek. Ýagny eýeçilik hukugynyň obýekti diýlende ol emläk diýlip hem atlandyrylyar. Emläk diýlende bolsa diňe zatlar däl, emläk hukuklary hem degişlidir. Raýatlaryň hususy eýeçiligine degişli emlägiň düzümine käbir borçnama hukuklary hem girip biler. Mysal üçin, şu talaplara bolan hukuklar, bankdaky goýumlara, başganyň emläginden peýdalanmak hukugy, paýdarlar jemgyýetlerine we beýleki hojalyk jemgyýetlerine, gatnaşmak hukugy bolup biler.

     Umuman, ýokarda görkezilen raýatlaryň eýeçilik hukugynyň döremeginiň hukuk esaslaryndan gözbaş alyp, döwletimizde häzirki wagtda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugy tarapyndan raýatlarymyzyň eýeçiligini ykrar etmek boýunça degişli işler kanuny esasda alnyp barylýar. Bu bolsa ýurdumyzda kanun esasynda raýatlarymyzyň eýeçilik hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilýän döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

 

Abdylla TAÝMAZOW,

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky

Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Balkan welaýat müdirliginiň Gyzylarbat etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1143 okalan

ENE HÜWDÜSI

22 Noýabr 2024 | 2230 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY