Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe röwşen geljegimiz bolan ýaşlarda eziz Watanymyza, milli ruhy-ahlak kadalarymyza, ylym-bilime, sagdyn durmuş ýörelgelerine, zähmete söýgi döretmekde dil medeniýetiniň ähmiýeti uludyr. Köp dil bilmek şahsyýetiň jemgyýete, maşgala we durmuşyň dürli ugurlaryna gönükdirilen hereketlerini üstünlikli amala aşyrmagyň esasy guralydyr. Şahsyýetiň ýaşaýşynda sözleýiş dili-de, ýazuw dili-de uly hyzmaty ýerine ýetirýär. Şonuň üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde talyplara daşary ýurt dillerini öwretmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar.
Ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň, dürli derslere laýyklykda, dürlüçe usullary bardyr:
- Kommunikatiw usul.
- Lingwo - sosiologik çemeleşme usuly.
- Intensiw usul.
- Emosional – semantik usul.
- Taslama usuly.
1. Kommunikatiw usul. Bu usul mugallym bilen talybyň işjeň dil gatnaşyklary amala aşyrylýar we onda diliň medeniýeti kämilleşdirilýär. Kommunikatiw usul aragatnaşyk arkaly iňlis dilini öwrenmäge mükinçilik berýän usulydyr. Ol köp mukdardaky gepleşik tejribesine we iň az nazaryýete esaslanýar. Şeýle okuw sapaklary talybyň we mugallymyň sapagyň ilkinji minutlaryndan iňlis dilinde gürleşmegi üçin düzülendir. Bu usulda işlemek dil öwrenýänleriň iň köp ýaýran meselesinden gaça durmaga, ýagny talybyň ýygralygyny (Bilýärin, ýöne aýdyp biljek däl) , utanjaňlygyny (Gürleşýärkäm, birden ýalňyşaýsam nähili bolarka?), diýen ikigöwünli çemeleşmesini aradan aýyrmaga ýardan edýär. Kommunikatiw usulda işlenilende, talyp mugallym bilen aragatnaşykda psihik päsgelçilikden geçýär. Talypdaky utanmak, çekinmek ýaly psihik we duýgulaýyn ýagdaýlar aradan aýrylýar. Talyp söhbetdeşligiň çykyşyny eşidýär, dürli sesleri päsgelçiliksiz diňlemegi öwrenýär, grammatik gurluşlary we olaryň logikasyny ýatda saklaýar. Öwrenenlerini özbaşdak ulanmaga girişýär. Sözleýişdäki kadalary dogry berjaý etmegi, janly gepleşik arkaly aragatnaşyk saklamagy öwrenýär.
Kommunikatiw usul:
a) iňlisçe çalt gürlemäge kömek edýär;
b) sözleýşi düşünmezden ýat tutmagy talap etmeýär;
ç) sözleýiş düzgünlerini durmuşdan alnan, ýatda galyjy, gyzykly, adamyň özüne ýakyn bolan mysallar arkaly öwredýär.
2. Lingwo – sosiologik çemeleşme usuly. Bu düşünje “lingwokulturologiýa” (Dili medeniýetiň üsti bilen öwretmek) bilen berk baglanyşykly düşünjedir. Medeni lingwistika, başgaça aýdylanda, diliň we medeniýetiň gatnaşygy, olaryň özara täsiri baradaky bilimler döwrebap ösýär. Barha özgerýän dünýä giňişliginde halkara gatnaşyklary çalt özgerýär. Şonuň bilen baglanyşyklykda, halkara ulgamda dürli meseleleri çözmekde halklaryň syýasy, ykdysady, medeni, ylym - bilim we beýleki ugurlardaky ösüş aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak zerurdyr. Gumanitar ylymlaryň ösüşinde obýektiw integrasiýa meýli (tendensiýasy) dilçi mugallymlaryň (bu ugurdaky alymlaryň) bilimiň degişli pudaklarynyň (psihologiýa, sosiologiýa, etnografiýa, medeni gözlegler) gazanan netijelerini özleşdirmeginiň zerurlygy mälimdir.
Lingwo – sosiologik çemeleşmede esasy maksat örän çalt ösýän we özgerýän dünýädäki syýasy – diplomatik, ykdysady gatnaşyklara mynasyp goşulyşmaga ukyply hünärmenleriň ýokary derejedäki dil taýýarlygyny gazanmakdyr.
3. Intensiw usul. Bu usul mugallymyň öňünde “Nädip iňlis dilini çalt öwretmeli?” diýen soragy goýýar. Bu usul standart leksikany çalt öwretmegi talap edýär we öwretmek işini leksikadan başlanýar. Iş tejribelerinden görnüşi ýaly, iňlis dilini 3 aýda, 6 aýda öwretmegiň dünýä tejribeleri we olaryň okuw maksatnamalary bellidir. Häzirki çemeleşmeler (sözleýiş dilini belli bir derejede) birki aýda öwretmegi maksat edinýär. Innowasion tehnologiýalaryň ösen, okuw – görkezme esbaplarynyň kämilleşen häzirki zaman dünýäsinde bu çemeleşme maksadalaýykdyr. Dil öwretmegiň intensiw usuly üçin ýörite kompýuter programmalary, usulyýetler görkezilendir (ýazylandyr) we dürli temalara bagyşlanan animasiýalar taýýarlanylandyr. Didaktik materiallar bilim portallary arkaly elýeterlidir. Bulardan peýdalanmakda mugallymyň başarjaňlygy, işine ukyplylygy, didaktik materiallary öwretjek temasyna görä saýlap almak başarjaňlygy talap edilýär.
4. Duýgulaýyn – pikirlendirmek usuly. Duýgulaýyn – pikirlendirmek usulynda işleýän hem-de ondan ýokary netije gazanmak isleýän mugallym:
- okuw materiallaryny dogry we doly saýlap almak;
- materiallary sapakda ýerli-ýerine ulanmak;
- sapakda talyplaryň gyzyklanmalaryny hasaba almak;
- talyplar bilen sazlaşykly işlemek;
- her sapakda berlen bilimleriň özleşdiriliş derejesiniň hasabyny ýöretmek ýaly usullary başarjaňlyk bilen peýdalanmalydyr.
5. Taslama usuly. Bu usul talyby pikirlendirýär, her sözi, söz düzümini, sözlemi pikirlenip aýtmaga mejbur edýär, sebäbi aýdylýanlaryň aňyrsynda belli bir many, maksat ýatyr. Mysal üçin, mugallym talypdan, hünärmen bolup işe duranynda, özüniň ilkinji hereketlerini nähili göz öňüne getirýändigi barada soraýar. Talybyň wezipesi bu mesele (öz hünäri we ony iş ýüzünde göz öňüne getirmek) barada has köp zat öwrenmek ýa-da iňlis dilinde bu meseläniň çözgüdini tapmak üçin, bar bolan tejribelerden peýdalanmakdyr.
Aýna BAÝRYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň mugallymy.