KITAP – PAÝHASLAR UMMANY

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim, medeniýet ulgamyny ösdürmek, milli mirasymyzy gaýtadan dikeltmek, aň-bilim ojaklaryny yzygiderli gurmak işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar.

      Durmuşda ynsan kalbyna täsir etmekde çuňňur manyly sözden ähmiýetli zat ýok bolsa gerek. Dana sözler, paýhasly jümleler, dürdäne pähimler her bir adamyň göwnüni göterýär, ýüregini giňeldýär, haýyrly işlere bolan höwesini artdyrýar, durmuşda ýüze çykýan kynçylyklaryň sazlaşykly çözgüdini we çykalgasyny salgy berýär. Çuň mazmunly eserler ynsan üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Ynsan ruhuny gandyrmakda kitap akyl hazynasy, söz mülküniň genji, ygtybarly taryhy maglumatlaryň çeşmesidir.

      Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda çeper we ylmy edebiýaty bilen dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyna örän uly goşant goşupdyrlar. Munuň şeýledigine gadymy Merwde we Gürgençde ägirt uly kitaphanalaryň bolmagy aýdyň şaýatlyk edýär. Orta asyryň meşhur alymlary we jahankeşdeleri şeýle täsin desgalary dünýäniň hiç bir künjeginde görmändigini öz işlerinde belläpdirler. Şeýle hem bu ýerde Gündogaryň beýik akyldarlary Abu Ali ibn-Sina, Abu Reýhan al-Biruny, Mahmyt Zamahşary, Muhammet al-Horezmi, Merwde bolsa belli alym, şahyr we astronom Omar Haýýam jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ylmy işlerini we edebi eserlerini döredipdir.

      Arkadag şäheriniň birinji tapgyry açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda geçirilen Hökümetiň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde hormatly Prezidentimiz «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher hakynda «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň çap edilendigi baradaky hoş habarlary ýetirdi. Munuň özi, sebitde deňi-taýy bolmadyk täsin şäheriň açylyş dabarasyna ajaýyp sowgat boldy.

      Alym Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde geçilen ýollar, edilen işler bilen bir hatarda, durmuşy özgertmegiň, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary baradaky pikir-garaýyşlar giňişleýin beýan edilýär. Bu edebi-filosofik eserde garalýan meseleleriň köpdürlüligi, diliniň baýlygy we düşnükliligi aýratyn bellenmäge mynasyp. Kitapda halk döredijiliginiň, geçmişiň görnükli şahsyýetleriniň we filosoflarynyň pähimli sözleriniň ulanylmagy hem-de edebi taýdan ussatlyk bilen beýan edilmegi asyrlaryň dowamynda dünýäniň halklary bilen dostluk köprüsini gurup gelýän türkmen halkynyň baý ruhy dünýäsine düşünmäge gollanma bolup hyzmat eder. Täze eser türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, özboluşly milli däp-dessurlaryny, egsilmez akyl baýlyklaryny özünde jemlemek bilen, Alym Arkadagymyzyň «Döwlet guşy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Ömrümiň manysy» we beýleki ençeme dürdäne eserleriniň üstüni ýetirdi. Bu kitaplar biziň her birimiz üçin möhüm gollanmadyr.

 

Kerim AŞYROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1143 okalan

ENE HÜWDÜSI

22 Noýabr 2024 | 2230 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY