ARKADAG ŞÄHERI – GELJEGIŇ ŞÄHERI

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, şol sanda daşky gurşawy goramaga we aýap saklamaga hem-de rejeli peýdalanmaga gönükdirlendir. Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän täze şäher — Arkadag şäheri diňe bir öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň ösen derejesiniň beýany bolman, eýsem, «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan «akylly» şäheriň aýdyň nusgasydyr.

Täze şäheriň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri binagärlik we bezeg babatda häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu ýerde halkara ölçeglere, şol sanda tebigaty goramak ulgamyndaky ölçeglere laýyk gelýän toplumlaýyn infrastrukturanyň döredilmegi şäher ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýär. Şunda Türkmenistanyň syýasy strategiýasynyň esasynda goýlan «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelge öz beýanyny tapýar.

Şu ýylyň fewralynda Arkadag şäherine BMG-niň we onuň düzümleriniň tehniki wekiliýeti sapar bilen gelip, «akylly» şäher konsepsiýasyna esaslanýan öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar esasynda şäher dolandyryşyny üpjün edýän bitewi ekoulgam bilen ýakyndan tanşyp bu ýerde durmuşa geçirilen işlere ýokary baha bermegi guwandyryjydyr. Şäheriň gurluşygynyň indiki tapgyrynda senagat toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygynda, çig mallaryň gaýtadan işlenilmeginde häzirki döwrüň ekologik talaplaryny doly berjaý etmek göz öňünde tutulýar. Bularyň ählisi, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipelerine laýyk gelýär.

Türkmenistanda ekologiýa maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde howa şertlerini gowulandyrmaga, biodürlüligi gorap saklamaga we artdyrmaga ýardam edýän tokaý zolaklarynyň döredilýändigini bellemek gerek. Geçen ýylyň noýabrynda agzybirlik we jebislik ýagdaýynda geçirilen köpçülikleýin bag ekmek çäresinde täze şäheriň çäginde dürli bag nahallarynyň 5 müňden gowrak düýbi oturdyldy. Bu asylly çäräniň şäheriň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmakda we amatly daşky gurşaw şertlerini döretmekde aýratyn ähmiýeti bar. Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulmagy hem-de onuň açylyş dabarasynda dürli ugurlarda ýeten üstünliklerini tassyklaýan halkara güwänamalaryň gowşurylmagy şäheriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Ýaşlaryň isleg-arzuwlarynyň wysalyna öwrülen Arkadag şäheri – geljegiň şäheridir. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda yzygiderli alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Uzukjemal ANNAMYRADOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

Öňki makala

DOSTLUK (tymsal)

Indiki makala

SPORT WE YNAM

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY