Günlerde bir gün bir ynsan zerurlyk zerarly, dostunyňka kömek soramaga barypdyr. Öý eýesi dostunyň gelenini görüp, begenjine öýe girmegi teklip edipdir. Emma dosty howlukmaç eken. Ol:
— Dostum, meni bagyşla, häzirlikçe myhman bolup bilmeýän, wagtym çäkli. Birine karzym bardy, ol hem menden gyssagly gaýtaryp bermegimi soraýar. Meniň bolsa, şu wagt elim ýukarak gelýär. Şonuň üçin senden kömek soramaga geldim — diýip, düşündiripdir. Dosty hem haýal etmän kömek beripdir we:
— Dostum, haçandyr bir gün ýene-de kömek gerek bolsa, çekinme-de soraber, başardygymdan kömek ederin — diýip, dostuny begendiripdir. Dosty hoşallyk bildirip, yzyna dolanypdyr.
Öýüň eýesi dosty gaýdandan soň, birahat bolup, öýüne giripdir. Muny duýan aýaly: «Ýoldaşym köpräk berenine ökünýän bolsa gerek» diýip, pikir edipdir we:
— Bahana tapyp, ugradaýmaly ekeniňiz — diýeninde, ýanýoldaşy:
— Ýok, beýle däl, dostumyň pula zerurdygyny bilmändirin. Ol gelmezinden öň özüm ýanyna baryp: «Dostum, nähili ýetmezçiligiň bar, çekinme-de aýdyber?!» — diýip, sorap bilmedim. Şonuň üçin kalbym birahat bolýar — diýip, köpmanyly jogap beripdir.
HEREKET EDIŇ!
Aýy çagajygy nähili ýöräp başlajagyny bilmän, ahyry enesinden sorapdyr. «Ilki bilen men näme etmeli? Sag aýagymda başlaýynmy ýa-da çep aýagymda? Ýa-da öňdäki iki aýagymy, soňra yzky aýaklarymy herekete getireýinmi? Ýa-da sagdaky iki aýagymy herekete getireýinmi ýa-da çepdäki iki aýagymy?». Çagajygyň yzyny üzmän berýän sowallaryna ene aýy gysgaça jogap beripdir. «Pikir etmäni bes et we ýöremäge başla!».
Ene aýy mamlady. Çünki köp pikirlenmekden we köp gürlemekden hereket etmek amatly.
Ýa-da ýene-de bir mysal. Görnükli ýazyjy Sidneý Harisiň hem pikirleri bu babatda bellärliklidir. Eger eden işlerimiz üçin ökünsek, onda ökünişimiz wagtyň geçmegi bilen peselýär ýa-da ýitýär. Emma etmedik işlerimiz üçin ökünäýsek, näme üçin ýürekde galan yza dek, ökünç köp wagta çekýär.
Jemleme hökmünde aýtsak, biziň oňat pikirlerimiz ony amala aşyrmak ugrunda eden hereketimizde aýan bolýar.
Taýýarlan: Gurbanmyrat GURBANOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç
etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.