BEDEW HAKYNDA NAKYLLAR

At ýigidiň ganatydyr.

Il oňlasa, atyňy soý.

Irden turda ataňy gör, ataňdan soň atyňy.

At iýmeýän otuň biteninden bitmedigi ýeg.

Guşuň ganaty bolsa, goç ýigidiň aty bar.

Adam namartlasa, aty-da aýagyny ýitirer.

Tanapy ýüpekden, üzeňňisi kümüşden.

Seýis görmedik bedew ýolda çamanlyk tapar.

Ýol uzak bolsa, aty gyssaman git.

Bedew at menzil keser.

Taý ýetişse, at dynar, ogul ýetişse-ata.

Ýaby-taýlykda, at-gulanlykda.

Taý ata ýetirer, at-myrada.

At ýortuşda belli, gurt-ýyrtyşda, är göreşde, batyr-söweşde.

At döwletlilik.

Atyny söýenden at galar.

At aýlanyp, gazygyny tapar, suw aýlanyp-ýarygyny.

At basyşyndan belli, är-bakyşyndan.

At rysgaly alnynda.

At saklamak-han saklamak.

At üstüne müneni tanar.

At ýüwrügin tilki söýmez, gamly kişi gülki söýmez.

Awçy görmese it görer, it görmese at görer.

At yzyna taý basar, geçi yzyna koý basar.

At öz eýesini ysyndan tanarmyş.

At içiniň soltany ýorga bolar.

 

 

Toplan: Nurýagdy GALPAKOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Sentýabr 2024 | 2 okalan

SUNGATDA GARAŞSYZLYGYMYZYŇ TARYPY

21 Sentýabr 2024 | 1 okalan

DIL BILMEK – DÜNÝÄNI ÖWRENMEK

20 Sentýabr 2024 | 206 okalan

PYRAGYNYŇ ARZUWLAN ZAMANY GELDI