SPORT WE YNAM

     Köp sanly psihologlar ynamyň we güýjüň arabaglanyşygyna aýratyn ünsi çekýärler. Bu arabaglanyşyk ýokary netijelere alyp barýar. Döredilýän mümkinçilikler we ähli babatda amatlylyk bizde ynam döredýär we şu ynam esasynda güýjümize güýç goşulyp, has-da yhlasly türgenleşik alyp baryp, ýeňiş serpaýlaryna mynasyp bolýarys. Hut şunuň özi, üstünlikleriň gözbaşynda durýar.

     Ugurtapyjylyk, zehinlilik, ukyp, emel, tär, usul ýaly aňlatmalara durmuş häli-şindi gabat gelýäris. Bu aňlatmalaryň hataryny uzaltsaň, uzaldybermeli. Ynsana belent häsiýetleriň ählisi mahsus bolup dur. Olaryň ýerlikli ulanylmagy häsiýetleriň her birini özboluşly ýokary derejä çykarýar. Şeýle häsiýetler ykbalyny göreşe baglan ussat pälwanlarda aýratyn orun alýar. Olaryň sazlaşykly ulanylmagy pälwany ýeňşe sary alyp barýar. Adatça, pälwanlar «Güýç — emelde» diýen ýörelgä eýerýärler. Bu ýörelgede güýjüň ýerlikli we takyk ulanylmalydygy habar berilýär. Bäsdeşiň bilen tutluşyga çykanda ýardam berjek esasy amalyň uzak ýyllar toplan tejribäňe baglydygy ündelýär. Bu tejribeleri biz adatça, emeller diýip atlandyrýarys. Göreş sungatynyň köp sanly görnüşleri bar. Bu ugurda ussat pälwanlaryň gürrüň bermegine görä, göreş bilen meşgullanýan türgen, ilkinji nobatda, göreşiň inçe tilsimlerini pugta ele almalydyr. Bu bolsa, taýýarlyk derejesiniň ýokary bolmagyny gazanmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi, üstünlikleriň gözbaşynda durýan taýýarlyk tapgyrlaryndan mysallar. Hut şu tapgyry üstünlikli we netijeli alyp barmak üstünligiň esasy ýoludyr. Ynam bolsa, üstünligiň açarydyr.

     Köp sanly ýaşlar sport bilen meşgul bolmaga ilkibada girişenlerinde kynçylyk çekýärler. Şeýle ýagdaý esasan-da, bedenleri ejiz bolan ýa-da ynamy pes bolan ýaşlarda ýüze çykýar. Bu ugurda sport mekdepleri ýardam edip biler. Bu ýer sporta gyzyklanma bildirýän ýaşlar üçin has-da gyzyklydyr. Olar «Sportuň haýsy görnüşi bilen meşgullanmaly?», «Nädeňde ussat türgen bolup bolýar?», «Gündelik nähili hereketleri amala aşyrmaly?» ýaly soraglara jogap alýarlar. Sporty hemra edinen her bir türgen sport mekdebine agza bolup, öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde özünde ynam döredýär. Bu ynam bolsa, sportuň adamlaryň arasynda parahatçylygy, dostlugy we agzybirligi ýola goýmakda ýiti täsir edýän serişdedigini ýene-de bir gezek subut edýär.

 

 

Gurbanmyrat GURBANOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç

etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Öňki makala

BADAT

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY