Güýz günlerinde howanyň durnuksyzlygy, üýtgäp durmagy adamalarda gowuşgunsyzlyk emele getirýär. Şol sebäpden güýz möwsüminde bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirmek hem-de nähoşluklara uçramazlyk üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, kabul edilýän iýmitiň dürli witaminlere ýokumly serişdelere baý bolmagyny gazanmaly. Dürli miweleriň, bakjadyr gök önümleriň bol hasyl berýän möwsümi bolan güýzde dürli witaminlere baý bolan badadyň peýdasy barada bellemek hem täsirli bolar. Badadyň düzümi B witaminler toplumyna A,C, E, K witaminlerine, kaliý, kalsiý, magniý ýaly mikroelementlere, beloga, kletçatga baý bolup, 100 gram badatda adam bedenine gerek bolan A witaminiň gözbaşydygyny görkezýär. Bu witamin bolsa gözüň görejiniň ýiti bolmagy, deriniň sagdynlygy üçin örän wajypdyr. A witamini deride ýaranyň çalt bitmeginde hem ähmiýetlidir. Şeýle-de ösümlik antioksidant häsiýete eýedir. Bir çig badatda bir günde kabul edilmeli C witaminiň ýeterlik mukdary bardyr. Badat damarlaryň diwarjyklaryny berkidýär we gan basyşynyň kadalaşmagyna täsirini ýetirýär. Ondaky ösümlik süýümleri aşgazan-içege ulgamynyň kadaly işlemegine getirýär. Badada başgaça süýji ýeralmada diýilýär. Onuň süýjümtik tagamynyň sebäbi düzüminde uglewodyň, şekeriň hem-de krahmalyň köpdügi bilen düşündirilýär. Dünýäde her ýyl 120 million tonna badat hasyly ýetişdirilýär. Ony köpçülikleýin öndürýän ýurt Hytaý bolup, ol ýerde ösümligiň ýylda 100 million tonna golaý hasyly alynýar. Ondan dürli tagamlar, pýure, çipsi, goýaltmalar, tohumyndan bolsa içgi taýýarlanýar. Çig badady işdä açarlara goşýarlar. Badat goşulan işdä açarlara zeýtun ýagynyň-da goşulýandygyny bellemeli. Şeýle-de badatdan 155 öwüşginli boýag alynýar.
Azat HALMYRADOW,
TMÝG-niň Kaka etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.