YNSAN SAGLYGY UGRUNDA ALADA

     Jemgyýetiň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr, Döwlet diňe halky bilen döwletdir» diýen ýörelgesi esasynda milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin täze belent maksatlar we wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde, hat-da iň çetki obalarynda häzirkizaman ylmy kliniki merkezleriniň, şypahanalarynyň, döwrebap dermanhanalarynyň, saglyk merkezleriniň we saglyk öýleriniň hem-de hassahanalaryň köpsanlysy yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, onuň işiniň netijeliligini artdyrmakda alnyp barylýan işler ynsan saglygyny goramak ugrunda edilýän aladalardan nyşandyr.

     Ynha, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda giň dabaralar bilen bellenilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli täze döwrebap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, dürli tehnologiki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan hassahanalar, saglyk öýleri açylyp ulanylmaga berildi. Şeýle hem Jeýhunyň kenaryny jähekläp oturan gadymy Lebap topragynda hem Dänew we Saýat etrap hassahanalarynyň durkynyň täzelenilip ulanylmaga berilmegi oba ilatynyň ýaşaýjylarynyň göwnüni galkyndyran wakalara öwrüldi. Durky täzelenilen bu hassahanalarda ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilendir. Hassahanalarda oturdylan döwrebap enjamlar näsaglaryň ýagdaýy, kesel alamatlary barada doly maglumat berip, olary bejermekde iň öňdebaryjy usullary özünde jemleýär. Şonuň ýaly-da bu döwrebap saglygy goraýyş edaralary etraplaryň ýaşlarynyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmakdaky ýene-de möhüm ädimleriň biri boldy. Durky täzelenilen hassahanalaryň ikisine-de «Tiz kömek» awtoulaglarynyň sowgat berilmegi aýratyn guwandyryjy wakalara öwrüldi.

     Şeýle şatlykly günde biz — ýaşlary okamaga, öwrenmäge, döretmäge, gurmaga, ylym-bilimini kämilleşdirmäge, ýurdumyzda berk bedenli sagdyn ruhly ýaşlaryň kemala gelmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän, il saglygy ugrunda ýadawsyz alada edýän türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, hem-de il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

Jemal BAZAROWA,

TMÝG-niň Dänew etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY