Milletiň saglygyny goramak döwletiň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda jemgyýeti bedenterbiýe bilen meşgullanmaga giňden çekmäge, ruhy taýdan kämil we beden taýdan sagdyn nesli, şol sanda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen düýpli oňyn özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Türgenlerimiz halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň at-abraýyny belende göterýärler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin sporty giňden ösdürmek we türkmen jemgyýetinde zyýanly endikleriň öňüni almakda wajyp orny eýeleýän sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek boýunça görülýän tagallalar iňňän uludyr. Şunda, döwlet Baştutanymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine hem-de sport bilen meşgullanmaga ygrarlydygy jemgyýetimiz üçin, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar üçin iň oňat göreldedir.
Paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarda dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport desgalary, sport mekdepleri yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Munuň özi, halkymyzda aýratyn hem ýaş türgenlerimizde uly buýsanç döredýär, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär.
Sport her bir adama sagdynlyk we bagtyýarlyk bagyş edýär. Bu bolsa, durmuşa we döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Saglyk we bagtyýarlyk biri-birine sazlaşýan durmuş ýörelgeleri bolup durýan bolsa, bu sazlaşygyň berkarar edilýändigine biz bu günki gün şaýat bolýarys. Her bir güni toýlara beslenýän Diýarymyzda sport dabaralarynda bagtyýarlygy, ruhubelentligi we parahatçylygy wasp edýän belent mukamlaryň astynda ýaňlanjak aýdymlar raýatlarymyzy döredijilikli zähmete we bagtyýar durmuşa höwes döredýär. Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize bimöçber aladalary üçin çäksiz hoşallyk bildirýäris!
Magsat OTUZOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy.