EKOLOGIÝA WE ÝAŞLAR SYÝASATY

     Ýaşaýan gurşawymyzy gorap saklamak her bir ynsanyň mukaddes borjudyr. Jemgyýetiň we tebigatyň özara gatnaşygynyň ähmiýetiniň artmagy, ekologik ýagdaýyň ýitileşmegi döwletiň içerki wezipeleriniň biri hökmünde özbaşdak ekologik wezipäniň ýüze çykmagyna getirýär. Döwletimiziň ekologik wezipesi daşky tebigy gurşawyň goralmagyny, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanylmagyny, jemgyýetiň ekologik we ykdysady bähbitlerini ylmy taýdan esaslandyryp utgaşdyrylmagyny üpjün etmekden, adamyň ýaşaýşy üçin arassa, sagdyn we amatly tebigy gurşawa bolan hukuklaryny durmuşa geçirmekden we goramak üçin zerur şertleri döretmekden ybaratdyr. Tebigy gurşawy goramagyň ynsanperwerlik häsiýetde bolmagy, ýagny tebigaty goramagyň üns merkezinde adam, onuň ýaşaýşy we saglygy hem-de abadançylygy durýar. Ýurtda ekologik howpsuzlygy, ýagny adamyň ýaşaýşy üçin möhüm ekologik bähbitleriniň, iň ilki bilen arassa, sagdyn, ýaşaýyş üçin amatly tebigy gurşawa bolan goraglylyk ýagdaýyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns merkezinde durýan meseledir.

     Ýaş nesliň asylly ýörelgelerden ugur alýan ählihalk çärelerine işjeň gatnaşmagy döwletimizde sagdyn pikirli, kämil, asylly, terbiýeli ýaşlaryň kemala gelmegine uly itergi berýär. Ählihalk ýowarlaryna gatnaşmak, el-ele berip, Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak her bir ýaş nesil üçin belent jogapkärçilik hem-de bagt bolsa gerek. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz biziň her birimize nusgsalyk görelde bolup durýar. Tebigatymyzyň gözelleşmegine mynasyp goşant bolup durýan ählihalk ýowarlaryna hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşyp, ak pata bermegi Watanyň geljeginiň kuwwatly nesli üçin mynasyp çagyryşdyr.

     Ekologiýany goramak ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris! Döwletli başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny arzuw edýäris! Ýaşlara nusgalyk görelde bolup, belent maksatlara ruhlandyrýan we Watanymyzyň şöhratly geljegini dabaralandyrjak mynasyp nesilleri ýetişdirmekde uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri rowaç bolsun!

 

 

Hangeldi ITALMAZOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 5-nji ýyl talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

21 Sentýabr 2024 | 2 okalan

SUNGATDA GARAŞSYZLYGYMYZYŇ TARYPY

21 Sentýabr 2024 | 1 okalan

DIL BILMEK – DÜNÝÄNI ÖWRENMEK

20 Sentýabr 2024 | 206 okalan

PYRAGYNYŇ ARZUWLAN ZAMANY GELDI