SANLY WE INNOWASION TEHNOLOGIÝALARYŇ ÜSTÜNLIKLERI

     Häzirki zaman şertlerinde ýaşlaryň intellektual ukybynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde, jemgyýetiň her bir agzasynyň ukyp-başarnygyny netijeli ugrukdyrmakda hususy telekeçiligiň mümkinçiliklerini doly peýdalanmak arkaly ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmekde, innowasion senagat önümçiliginiň döwrebap ösüşini gazanmakda gönükdirilmegi wajyp wezipeleriň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlar zamanamyzyň baýdak göterijileridir» diýip jaýdar belleýşi ýaly, Watanymyzyň geljekki eýeleri bolan ýaşlaryň häzirki döwrüň talabyna laýyk, umumadamzat we milli gymmatlyklarymyzyň esasynda kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi Eziz Diýarymyzyň gülläp ösüşleriniň röwşen kepilidir.

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda aýratyn üns merkezinde saklaýar. Zehinli ýaşlar, ýaş maşgalalar, ýaş alymlar, ýaş hünärmenler we telekeçiler döwletimiz tarapyndan aýratyn goldaw bilen gurşalýar. Çünki ýaşlaryň jemgyýetdäki durmuş-hukuk ýagdaýyny kesgitlemegiň wajyplygy olaryň ýurduň ösüşinde strategik nukdaýnazardan adam maýasy hökmünde çykyş edýändikleri, jemgyýetiň innowasion ösüşini kesgitleýändikleri bilen baglanyşyklydyr.

     Ykdysadyýetiň häzirki zaman ösüş şertlerinde ýaşlaryň gujur-gaýratynyň telekeçilik işjeňligine gönükdirilmeginiň aýratyn ähmiýeti bar. Dünýäniň ykdysady taýdan ösýän islendik döwletiniň mysalynda ýaşlar telekeçiliginiň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenilmegi işewürlikde işjeň orny eýelemäge ukyply, zähmetsöýer, döwrebap pikirlenýän telekeçileriň täze ýaş nesliniň kemala gelmegine, kiçi we orta telekeçiligiň innowasion häsiýetde ösdürilmegine, ýurduň maýa goýum çekijiliginiň ýokarlanmagyna, täzeçil pikirlenmeleriň, döredijilikli oýlap-tapyşlaryň artmagyna mümkinçilik berýändigi bilen düşündirilýär.

     Munuň özi, ýaşlaryň milli ykdysady ösüşi üpjün etmekde döwrebap taslamalar we döredijilikli başlangyçlar bilen çykyş etmeklerine, dünýäniň telekeçilik tejribesiniň oňyn gazananlaryny ýurdumyzda özleşdirmeklerine giň mümkinçilikleriň döredilýändigi bilen birlikde, ýaşlar tarapyndan täze maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmegiň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygynyň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiz tarapyndan ýaşlaryň telekeçilik işjeňliginiň artdyrylmagyny nazarlaýan dolandyryş-guramaçylyk, hukuk we maliýe goldawlaryň kanunçylyk esasda toplumlaýyn berkidilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasyp.

     Şunuň bilen, 2021-nji ýylyň ýanwarynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy» kabul edildi. Maksatnamada kiçi hem-de orta telekeçilik işini alyp barýan ýaşlary goldamak arkaly olara döwrebap ösen sanly ulgam esasynda maglumat tehnologiýalary bilen üpjün edilen oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini nazarlaýan giň-gerimli mümkinçilikleri döretmeklik meýilleşdirilen.

     Ýaş nesliň intellektual, hünär we ukyp başarnyklaryny kämilleşdirmäge, ýurdumyzyň ykdysady ösüşine täzeçil çemeleşýän ýaşlaryň jemgyýetde özlerini ykrar etmeklerine we dünýä bazarlaryna çykmaga zerur şertleri döredýär. Çünki adamyň intellektual ukyby – onuň endikleriniň, ukyplarynyň jemi bolman, eýsem ol adam tarapyndan jemgyýetçilik ösüşine itergi berýän bilimleriň, öňdebaryjy tilsimatlaryň hünäriň we käriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ulanylmagydyr.

     Ählumumy ösüşiň gazananlarynyň halkara tejribesine esaslananyňda adam başarnygyny, onuň intellektual ukybyny tehnologik ösüş we sanly ulgama geçmek babatda netijeli özleşdirmegiň wajyplygynyň görkezijisi islendik ösüşleriň özeninden eriş-argaç bolup geçýär. Munuň özi, hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky syýasaty hemişe üns merkezinde saklaýandygynyň, olaryň döwrebap ösüşlerden, dünýäniň öňdebaryjy ylmy-tehniki gazananlaryndan baş alyp çykmaklarynyň döwletimizde ileri tutulýandygynyň nobatdaky mysalydyr.

     Häzirki tehnologik ösüş şertlerinde dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň ösüş tejribesi düýp esasynda bilimiň, ylmy çemeleşmäniň, innowasiýalaryň, kompýuterleşdirilen programmalar ulgamlarynyň, ýokary öndürijilikli maglumat tehnologiýalaryň şol sanda, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagyň durýandygyny ileri tutýan innowasion ykdysadyýetiň wajyplygyny ykrar edýär. Innowasion ykdysadyýet bilimi, innowasiýalary şeýle hem, täze oýlap tapyşlary we tehnologiýalary jemgyýetiň dürli pudaklarynda peýdalanmaga esaslanýan ykdysadyýetdir. Diwersifikasiýalaşmak ýoly bilen ösýän döwletimiziň ykdysadyýeti innowasionlyk alamatlary özünde jemleýär.

     Umuman, bagtyýarlyk döwrüniň döwrebap ykdysady gadamlaryna ýaşlaryň telekeçilik işjeňliginiň mynasyp goşant goşmagy döwletimiz tarapyndan döredilýän ähli mümkinçilikleri netijeli peýdalanmaklary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu bolsa, ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçiliginiň, innowasion ykdysady ösüşiň binýadyny berkitmek bilen birlikde, ekologiýa kadalaryna laýyk gelýän haryt bolçulygyna, ýaşlaryň bazar gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna, innowasion başlangyçlar bilen çykyş etmeklerine, ýurdumyzyň haryt-dolanşygynyň ýokarlanmagyna giň mümkinçilikleri açýar.

 

 

Nargül AŞYROWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 579 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4797 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY