Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaş nesliň terbiýesine, ylymly-bilimli bolmagyna, sport bilen meşgullanmagyna, Watanymyza, il günümize wepaly bolup ýetişmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda dürli wagyz-nesihat, sport we medeni köpçülikleýin çäreleriň, dürli bäsleşikleriň geçirilmegi hem ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde örän uly ähmiýete eýedir. Munuň özi zehinli, ukyply we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmaga, olarda sporta bolan höwesi artdyrmaga ýardam edýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda sportuň beýleki görnüşleri bir hatarda futbola uly üns berilýär. Döwletimizde hereket edýän futbol toparlary daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzyň futbol toparlarynyň çykyşlary barada käbir maglumatlary size ýetirmegi makul bildik.
Ýurduň futbol çempionatynyň birinji hem-de ikinji aýlawlarynyň geçirilen duşuşyklarynyň netijesinde 42 utuk toplan «Arkadag» topary ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýelemegini dowam edýär. 35 utuk toplan «Altyn asyr» ikinji, 28 utugy bolan «Nebitçi» toparlary üçünji orunlarda ornaşdylar. 29-njy oktýabrda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň üçünji aýlawyna badalga berler. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.
Mälim bolşy ýaly, futbol dünýäde iň köp seredilýän we gyzyklanylýan sport görnüşidir. Futbol «football» sözünden emele gelip, oňa türkmen dilinde «aýak topy» hem diyilyär. Futbolyň dörän ýurdy Angliýa hasaplanylýar. 1886-njy ýylda ilkinji topar (klub) döredilýär. Söweş esgerlerinden düzülen bu toparyň (klubyň) ady Arsenaldyr. Futbol boýunça Dünýä çempionaty her 4 ýylda bir gezek geçirilýär.
Rüstem HOJANEPESOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň
Uly buhgalteri.