Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Diýarymyzda durmuşa geçirilýän düýpli durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy maksady ýurdumyzyň kuwwatyny ýokarlandyrmaga, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu wajyp wezipäniň çözgüdi öňi bilen ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalaryna daýanýan innowasion ýola geçmegi bilen gös-göni baglanyşyklydyr.
Islendik döwletiň ylym-bilim ulgamynyň ösüş derejesiniň kämil nusgasynyň bolmagynyň, onuň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy görkezijisi bolup durýandygyny bilermenler tassyklaýar. Bilim ulgamynyň dünýäniň ösen derejelerine gabat gelmegi, işçi güýjüniň aň-bilim mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegi ýurduň dünýäniň ylym-bilim giňişligine üstünlikli goşulmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Ylmyň jemgyýetçilik we döwlet durmuşynda möhüm orny eýeleýändigi nukdaýnazaryndan ýurdumyzda ýokary hünärli ylmy işgärleriň, ýaş alymlaryň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykmagynyň möhüm şerti bolan milli ylym-bilim kuwwatynyň yzygiderli ýokarlanmagyna aýdyň ýollaryň açylýandygyny alamatlandyrýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek üçin döwrebap maddy-enjamlaýyn binýat döredildi. Ähli mekdepler kompýuterler bilen doly üpjün edilen hem-de internet ulgamyna birikdirilen. Ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda, hilini dünýä derejesine laýyk getirmekde, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygy hemmelere mälimdir. Sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berilýän täze döwrebap bilim ojaklarynyň häzirki zaman ösen innowasiýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy sanly bilim
Umuman, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Türkmenistanyň bilim ulgamy düzümi boýunça-da, täze tehnologiýalaryň tejribä ornaşdyrylmagy babatda-da barha kämilleşýär, ýaş nesliň döwrebap bilim almak mümkinçilikleri giňeldilýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen yzygiderli tagallalaryň netijeliligi bilim boýunça döwletiň ösüşiniň hil taýdan täze derejä çykmagynda hem-de ahyrky netijede ýurdumyzyň dünýäde eýeleýän ornunyň ýokarlanmagynda şöhlelenýär.
Mämmetöwez ATAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
esasy hünärmeni.