TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BUÝRUGA GOL ÇEKDI.

     Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş maslahatynyň 20-nji mejlisine gatnaşmak hem-de gurluşyk we senagat babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň hem-de Wena şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirmek üçin, 2023-nji ýylyň 26 — 30-njy noýabry aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti 2023-nji ýylyň 26 — 28-nji noýabry aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

(TDH)

 

Meňzeş habarlar