ÝAŞ ALYMLARYŇ TÄZE GADAMLARY

     Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ylmy işler boýunça «Arkadagyň ýörelgesi – nusgalyk görelde» atly yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

     Türkmen halkynyň milli we medeni mirasasyny, halk döredijiligini, edebiýatyny, taryhyny, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni ösüşlerini, halkara gatnaşyklaryndaky gazanylýan üstünlikleri we täze taryhy döwürde döwletimiziň oňyn içeri we daşary syýasatyny şöhlelendirmek we ony giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşik, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny artdyrmakda, ylmy gözlegleri alyp barmakda, ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmekde, ylmy işleriň netijelerini resmileşdirmek babatyndaky başarnyklaryny ösdürmekde uly ähmiýete eýe boldy.

     Geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan hormat hatylary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

     Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hemmetaraplaýyn bilim almak, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmak we häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalaryny ulanmak üçin döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ähli
güýç-gaýratlaryny zehinini we bilimini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar hem-de häzirkizaman ylmyny kämilleşdirmek, sanly bilimi ösdürmek ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.

     Geçirilen dabarada ýurdumyzyň bagtyýar talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerindäki joşgunly aýdym-sazlar dabara gatanaşyjylara uly ruhubelentlik çaýdy.

 

Mämmetoraz ORAZBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar

we informatika institutynyň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

05 Oktýabr 2024 | 0 okalan

UÇÝAN TEHNOLOGIÝALARYŇ ŞÄHERI

05 Oktýabr 2024 | 0 okalan

DÜNÝÄNIŇ IŇ BAGTLY ŞÄHERI

05 Oktýabr 2024 | 3 okalan

HAZAR DIPLOMATIÝASYNYŇ TÜRKMEN NUSGASY