ÝAŞ TERJIMEÇINIŇ ILKINJI ÜSTÜNLIGI

     Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerini ertirlerine uly ynam bildirilýän ýaş nesiller üçin elýeterli etdi. Bu mümkinçilikleri haýsy ugurlarda işjeň peýdalanyp boljakdygyna Gahryman Arkadagymyz bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary aýdyň ýörelgedir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz milli we edebi miraslarymyzyň halkara derejelerinde dabaralandyrylmagy dogrusyndaky tagallalary bilen Watanymyzyň şöhratyny dünýä ýaýjak ýaş nesillere aýdyň nusgalyk ýol görkezýär.

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň hünärmeni Toýly Jänädowyň ilkinji ädimleri hem guwandyryjy netijelerini berdi.

     Toýly Jänädow Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 4-nji fewralyndan 4-nji iýulyna çenli Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň TÜRKSOÝ halkara guramasy bilen bilelikde türki döwletleriň 18 – 35 ýaş aralagyndaky ýaş ýazyjy-şahyrlaryndan edebiýatçy terjimeçileri taýýarlamak maksady esasynda gurnan Türkçe online okuwynyň birinji tapgyrynyň diňleýjisi boldy. Bu döwürde Toýly Jänädow türk ýazyjylary Ýakup Ömeroglunyň, Osman Çewiksoýyň, Nazmi Şimşegiň we Nurhan Buhanyň hekaýalaryny türkmen diline terjime etdi. Türkçe onlaýn okuwynyň birinji tapgyryny tamamlanyndan soňra, ýaş terjimeçi ýazyjy Aşyrmät Garlynyň «Esger» gazetine mundan 20 ýyl ozal neşir edilen «Jenneti gapy ýapylmasyn» atly hekaýasyny, «Milli goşun» žurnalynyň 2017-nji ýylyň mart aýyndaky sanyna çap edilen «Şuwlaýan oklar» hekaýasyny, «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2020-nji ýylyň 9-njy oktýabryndaky sanynda neşir edilen «Daglaryň arslany, sähranyň gurdy» atly makalasyny türk diline terjime edip, Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň «Kardeş kalemler» («Gardaş galamlar») halkara žurnalynyň elektron salgysyna ýollady. Toýly Jänädowyň türk diline eden şol terjimeleriniň ilkinjisi bolsa, ýagny ýazyjy Aşyrmät Garlynyň «Jenneti gapy ýapylmasyn» atly hekaýasy  ýaňy-ýakynda 2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň «Kardeş kalemler» («Gardaş galamlar») halkara žurnalynyň 2023-nji dekabr aýyndaky
204-nji sanynda «Cenneti kapı kapanmasın» ady bilen neşir edildi. Ýaş terjimeçiniň bu terjimesiniň şowly çykmagynyň esasy sebäpleriniň biri bolsa, onuň sanly aragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen türki döwletleriň meşhur ýazyjy-şahyrlary, edebiýatçy alymlary bilen ýakyndan aragatnaşyk saklamagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda Toýly Jänädow Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň 15-nji onlaýn ýazyjylyk atelýasynyň hem diňleýjisi. Hut şu nukdaýnazardan-da, ol ýazyjy Aşyrmät Garlynyň «Jenneti gapy ýapylmasyn» atly hekaýasyny türk diline terjime edeninde taryhy eseriň käbir çylşyrymly sözlerini türk dil-edebiýatçy alymlary Hüseýin Ýyldyrym, Emrah Ýylmaz bilen, türk ýazyjylary Hudaýi Jan, Nazmi Şimşek bilen maslahatlaşyp, oňlanan we göwnejaý görlen sözleriň esasynda eseriň çeper mazmun baýlygyny bozman terjime etdi.

     Munuň özi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sanly bilim ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilmegi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy diýlip ykrar edilmegi, ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýaş nesliň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek babatdaky taýsyz tagallarynyň netijesidir.

 

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI