DÜNÝÄ MEDENIÝETINIŇ ÖZBOLUŞLY MUKAM DÜNÝÄSI

Medeni diplomatiýamyzyň ösüş çygry barha giňeýär. Dostlukly döwletler bilen ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerinde, hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda medeniýet ulgamynyň orun almagy has-da buýsandyrýar. Dürli medeni çäreleri, halkara döredijilik festiwallaryny, şeýle hem medeniýet hepdeliklerini geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Munuň şeýledigini, türkmen-hytaý gatnaşyklarynda, şeýle hem iki ýurduň arasynda geçirilýän medeniýet hepdeliklerinde hem aýdyň görmek mümkin. Biz bu gezek dünýä medeniýetiniň möhüm bölegi bolan hytaý medeniýeti barada söhbet açmak isleýäris.

Hytaý saz sungaty dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen gadymy sungatlaryň biridir. Taryhy çeşmeler bu sungatyň kökleriniň müňýyllyklardan gözbaş alýandygyny habar berýär. “Şitszin” diýlip atlandyrylýan “Mukamlar kitabynda” 3000-e golaý hytaý saz mukamlary, baýramçylyk adatlary barada maglumatlaryň beýan edilendigi muny aýdyň tassyklaýar.

Hytaý saz sungaty bir äheňli bolup, ol pentatonika esaslanýar. Bu däp biziň eramyzdan öňki VII asyrda döräpdir. Soňra bolsa, 7 we 12 ses äheňli ulgam peýda bolupdyr. Esasy saz gurallary hökmünde 100-e golaý saz gurallar toplumyny görkezmek bolýar. Tar görnüşli se, sin, pipa, erhu, sihu, banhu, üflenip çalynýan sýao, paýsýao, di, sona, şen, kakylyp çalynýan gong, deprek aýratyn orun alýar.

Hytaý saz sungatynyň taryhynda ilkinji nota ýazuwly iýeroglif häsiýetli eser VI asyra degişli bolan Sýu Min tarapyndan döredilen “Ýulantsu”, ýagny “Ýeke-täk orhideýa” pýesasydyr.

VIII asyrlarda hytaýda balet sungaty rowaçlanyp başlaýar. XII-XIII asyrlarda dramatik dialog, orkestr sungaty, pantomima we tansly hytaý operasy  öňe çykan bolsa, XVII asyryň ortalaryna gelip, orkestr sungaty has kämil derejä ýetipdir.

Hytaý saz sungatynyň taryhynda özboluşly mukamlary ýadygärlik goýan kompozitorlary belläp geçmek ýerliklidir. Watansöýüjilik duýgularyny sazda beýan etmegiň ussatlary hökmünde Ne Er, Si Sinhay, Huan Szi, Çžanşu dagylar has-da uly meşhurlyga eýe bolupdyr. 1953-nji ýylda kompozitorlaryň birleşigi döredilipdir. Pekin, Şanhaý, Çendu, Týantszin, Sian, Guançžou şäherlerinde ýörite konserwatoriýalar peýda bolupdyr.

 

Gurbanmyrat GURBANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç

etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

05 Oktýabr 2024 | 0 okalan

UÇÝAN TEHNOLOGIÝALARYŇ ŞÄHERI

05 Oktýabr 2024 | 0 okalan

DÜNÝÄNIŇ IŇ BAGTLY ŞÄHERI

05 Oktýabr 2024 | 3 okalan

HAZAR DIPLOMATIÝASYNYŇ TÜRKMEN NUSGASY