Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ajaýyp günleriniň birinde halkymyza gowşan “Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy” atly täze kitap ynsanperwerligiň, sahawatlylygyň, adamkärçiligiň belent nusgasy bolup köňüllere nur çaýdy.
“Gurplulygyň öz şerti bar”, “Beren eliň berekedi artar”, “Durmuşyň gymmaty saglyk”, “Hossarlyk öçmez umyt”, “Howandarlyk jebisligi döredýär” atly bölümlerden ybarat bolan bu kitapda ata-babalarymyzyň ejizi goldamak, mätäje kömek bermek ýörelgeleriniň, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigi öz aýdyň beýanyny tapýar. Ol geçmiş taryhymyzda hem hossarlyga mätäç adamlar üçin saglyk, ylym-bilim, durmuş hyzmatlarynyň ýola goýulanlygy baradaky gyzykly maglumatlary, ynsan saglygyny goramak, ömrüni uzaltmak, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan maksatnamalaýyn çäreleriň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan sogaply işleriniň üsti bilen türkmen, iňlis we rus dillerinde giňden beýan edilýär.
Täze kitabyň “Gurplulygyň öz şerti bar” atly bölüminde hossarlyga almak, mätäje kömek etmek ýörelgeleri adamkärçilige mahsus sypatlary hökmünde ir döwürlerden bäri bellidir. Sebäbi hakyky adam bolmagyň manysy hem mätäje edilýän goldawda, ejize hemaýat goluň uzatmakda ýüze çykýar diýip, bellenilýär.
Milli Liderimiziň ýardam bermegi bilen, körpe nesliň onlarçasynyň çylşyrymly operasiýalary geçirip, saglygyny dikeldip, sag-salamat aramyzda ýaşap ýörendigine her birimiz guwanýarys. Haýyr-sahawat gaznasynyň ýurdumyzyň welaýatlarynyň, etrap şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen tiz kömek awtoulaglarynyň sowgat berilmegi halkymyzda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjy artdyrýar. Ýaş nesliň ynsanperwerlik terbiýesinde, ynsan saglygyny gorap saklamakda gymmatly gollanma bolan täze kitap toý-baýramly günlerimize ruhy öwüşgin çaýyp, biziň her birimizi sogaply işlere çagyrýar.
Murad SABUROW,
Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň
8-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy,
TMÝG-niň işjeň agzasy.